+99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net 11 HIMIÝA JOGAPLAR (2020-2021) 1-nji soragnama we garyndylar. Himiýanyň adamzat durmuşynda , oba hojalygynda we 1. Maddalar. Arassa maddalar senagatdaky orny. Fziki jisimleri düzüjilere maddalar diýilýär. Himiýa – maddalary, olaryň häsiýetlerini, biri-birine öwrülmelerini we şol öwrülmeler bilen bolup geçýän hadysalary öwrenýän ylymdyr. Düzümine baglylykda maddalary iki topara, ýagny arassa maddalara we garyndylara bölýärler. Hemişelik fiziki häsiýetlere eýe bolan maddalara arassa maddalar diýilýär. Distillirlenen suw we tebigatdaky ýagyş suwy arassa madda mysal bolup biler. «Madda» diýlende hemişe himiýada arassa madda göz öňünde tutulýar. Süýt – maddalaryň garyndysydyr. Howa – kislorodyň, azotyň, kömürturşy gazynyň we beýleki gazlaryň garyndysydyr. Deňiz suwy – erän duzlaryň we suwuň garyndysydyr. Garyndylarda hemişelik häsiýetler ýokdur. Garyndylar maddanyň häsiýetine güýçli täsir edýär. Garyndylar iki topara bölünýär.1. Bir jynsly garyndylar; 2. Bir jynsly däl garyndylar. Mikroskopyň kömegi bilen hem düzümine girýän maddalaryň böleklerini ýüze çykarmak mümkin bolmadyk garyndylara bir jynsly garyndylar diýilýär. Nahar duzunyň, şekeriň suwdaky erginleri munuň aýdyň mysalydyr. Mikroskopyň kömegi ýa-da adaty göz bilen düzümine girýän maddalaryň bölejiklerini görüp bolýan garyndylara bir jynsly däl garyndylar diýilýär. Nahar duzy bilen çägäniň garyndysy bir jynsly däl garyndydyr. Bir jynsly däl garyndylardan maddalary bölüp almagyň usullary: 1. Çökdürmek usuly; 2. Süzmek usuly; 3. Magnitiň täsiri bilen bölüp almak usuly; 4. Sentrifugirlemek usuly; 5. Wozgonka (sublimasiýa) usuly. Bir jynsly garyndylardan maddalary bölüp almaklygyň usullary: 1. Bugartma. Kristallaşma; 2. Distillirleme; 3. Hromatografiýa. Berlen maddalardan başga maddalaryň emele gelmegi bilen geçýän üýtgeşmelere himiki hadysalar diýilýär. Himiki hadysalara başgaça himiki öwrülmeler ýa-da himiki reaksiýalar diýilýär. Häzirki döwürde adamyň durmuşyny himiýasyz göz öňüne getirmek mümkin däldir. Himiýa senagaty adamlaryň sarp edýän önümleri bolan sintetik kauçugy, süýümleri, ýuwujy serişdeleri, plastmassalardan ýasalan önümleri, reňkleri, dermanlary, partlaýjy maddalary, oba hojalygynda ulanylýan mineral dökünleri, ösümlikleri goramagyň himiki serişdelerini we ş.m. öndürýär. Metallary almak we nebiti gaýtadan işlemek hem himiki usul lar arkaly amala aşyrylýar. Görnükli rus alymy M.W. Lomonosow şeýle bel leýär: "Himiýa adamzadyň durmuşyna barha giňden ornaşýar. Nirä seretsek, haýsy tarapa öwrülsek, ähli ýerde biziň gözümiziň öňünde onuň girizen üstünlikleri dur". 2. Fenol. Fenolyň molekulasynyň gurluşy, alnyşy we häsiýetleri.Benzol halka bilen bir ýa-da birnäçe gidroksil toparyň göni birleşmeginden emele gelen aromatik uglewodorodlaryň önümlerine fenollar diýilýär. Fenol PirokahetinGidrohinonPirogallol Fenolyň molekulasynyň gurluşy. • Benzol halkada elektron dykyzlyk artýar, özem –OH topara görä, elektron dykyzlygyň köp bölegi orto- we para – ýagdaýlarda ýygnalýar. • Kislorod atomynda bolsa, tersine, elektron dykyzlyk azalýar, ol hem O-H baglanyşygyň gowşamagyna getirýär: • Fiziki häsiýetleri : Otag tem-da özboluşly ysly,sowuk suwda kyn,emma gyzgyn suwda oňat ereýän kristallik maddalar.Fenol-reňksiz kristallik madda zäherli.Gaýnama tem-sy 182⁰C,ereme tem-sy 41⁰C. Fenol senagatda köp mukdarda alynýar. Düýä boýunça her ýylda 1,5-2 mln tonna fenol alynýar.Alnan fenolyň mukdarynyň 90%-i sintetik ýol bilen , 10%-i daş –kömürden alynýar. 1. 1942-nji ýylda R.Ý.Udris we P.G.Sergeýew kumolyň (izopropilbenzolyň ) gidroperoksidini kükürt kislotasynyň gatnaşmagynda dargadanlarynda fenol we aseton alypdyrlar.Bu usulyň amatly tarapy sengat möçberinde iki sany gerekli maddanyň – fenolyň we asetonuň alynmagydyr. 2. Galogenbenzollardan alnyşy. Ýokary temperaturada we basyşda hlorbenzol natriý gidroksidi bilen reaksiýa girip, fenoly emele getirýärler. 2. Aromatik sulfokislotalardan alnyşy. Arensulfokislotalaryň duzlary aşgar bilen gyzdyrylanda ilki fenolýatlar emele gelýärler, soňra güýçli kislotalar bilen işläp, fenol alýarlar. 1 +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net 3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele. 2-nji soragnama 1. Kislotalar we olaryň toparlara bölünişi. Kislotalaryň alnyşy, fiziki we himiki häsiýetleri. Düzümi ornuny metallaryň atomlary bilen ýeňil çalyşýanbir ýa-da birnäçe wodorodyň atomlaryndan we kislota galyndysyndan ybarat bolan çylşyrymly maddalara kislotalar diýilýär. 2.Düzümi boýunça kislotalar iki topara bölünýärler. Olara kislorodsyz we kislorodly kislotalar degişlidir. Kislorodsyz kislotalara HC1, HF, HBr, H2S, we ş.m., kislorodly kislotalara HNO3, H2SO4, H2CO3, H3PO4we ş.m. degişlidir. Düzümindäki wodorodyň atomlarynyň sany boýunça kislotalaryň esaslylygy kesgitlenilýär. Düzüminde wodorodyň bir atomyny saklaýan kislotanyň esaslylygy bire, wodorodyň iki atomyny saklaýankislotanyň esaslylygy ikä deňdir we ş.m. Bir esasly kislotalara HN03HC1, HBr we ş.m., iki esasly kislotalara H2S, H2SO4, H2CO3, H2SiO3 we ş.m., üç esasly kislotalara H3PO4, H3AsO4 we ş.m. degişlidir.Kislotalary almagyň esasy usullary aşakdakylardyr: • Sada maddalaryň özara täsiri. Bu usul bilen kislorodsyz kislotalar alynýar. Meselem: H2 + Cl2→ 2HC1 • Ereýän kislota oksidleriniň suw bilen özara täsiri.Kislorodly kislotalaryň köpüsi şu usul bilen alynýar. Meselem: SO2 + HOH → H2SO3 • Degişliduzlaryndankäbirkislotalaryň alnyşy.Bu usul bilen kislorodly we kislorodsyz kislotalary almak bolar. Meselem: Na2SiO3 + 2HC1 → H2SiO3 + 2NaCl 2NaCl + H2SO4→ 2HC1 + Na2SO4 Senagatda kislotalary we esaslary almagyň başga usullary hem ulanylýar. Mysal üçin, aşgarlary olaryň duzlaryny elektrolizlemek, azot kislotasyny ammiagy okislendirmek, kükürt kislotasyny piriti okislendirmek bilen alýarlar.Fiziki häsiýetleri. Kislotalar adaty şertlerde suwuk ýa-da gaty halyndaky maddalardyr. Suwuklyk halyndaky kislotalara HNO3, H2SO4, H2SO3, H2CO3 we ş.m., gaty halyndaky kislotalara H3PO4, H2SiO3 we ş.m. degişlidir. Kislotalaryň köpüsi suw bilen islendik gatnaşykda garyşýarlar. Kislotalaryň erginleri turşy we iýiji häsiýete eýedir. Kislotalaryň erginleri indikatorlaryň reňkini üýtgedýärler. Himiki häsiýetleri • Kislotalaryň metallar bilen özara täsiri. Kislotalaryň metallar bilen täsirleşmesiniňgeçişimetalyň işjeňliginewekislotanyň tebigatyna baglydyr. Diňe işjeňligi wodorodyňkydan ýokary bolan metallar kislotalaryň düzüminden wodorody (H2) gysyp çykaryp bilerler. Meselem: 2HC1 + Zn → ZnCl2 + H2↑ Azot kislotasynyň metallar bilen täsirleşmesiniň häsiýetli aýratynlyklary bar. Işjeň metallar (Zn, Ca, Mg) bilen gowşadylan azot kislotasy täsirleşende N2O ýa-da N2, has gowşadylan HNO3 täsirleşende NH3(ammoniý duzlary) bölünip çykýar. Meselem: 12HNO3 + 5Zn → 5Zn(NO3)2 + N2 + 6H2O 10HNO3 + 4Zn → 4Zn(NO3)2 + N2O + 5H2O 9HNO3 + 4Zn → 4Zn(NO3)2 + NH3 + 3H2O 2. Çylşyrymly efirler, olaryň molekulalarynyň gurluşy, atlandyrylyşy. Çylşyrymly efirleriň fiziki we himiki häsiýetleri. Çylşyrymly efirler karbon kislotalarynyň funksional önümleriniň arasynda aýratyn orny eýeleýärler. OLar karbon kislotalarynyň spirtler bilen täsirleşmesinden emlee gelýärler. Karbon kislotalar bilen spirtleriň täsirleşmesinden emele gelen organiki birleşmelere çylşyrymly efirler diýilýär. Çylşyrymly efirleriň umumy formulasy: Çylşyrymly efirler degişli kislotalar we spirtler esasynda atlandyrylýar. Meselem: Fiziki häsiýetleri. Karbon kislotalarynyň çylşyrymly efirleri ýakymly ysly, reňksiz suwuklyklar, käbiri kristal maddalardyr. Olaryň gaýnama temperaturalary degişli kislotalaryňkydan pesdir. Sebäbi efirlerde molekulaara wodorod baglanyşygy ýokdur. 2 +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net Alnyşy. Çylşyrymly efirleriň esasy alnyş usullarynyň biri karbon kislotalar bilen spirtleriň täsirleşmesidir. Täsirleşme kükürt kislotasynyň gatnaşmagynda amala aşyrylýar. Karbon kislotalar bilen spirtlerden çylşyrymly efirleriň emele gelmek täsirleşmesine eterifikasiýa täsirleşmesi diýilýär. Eterifikasiýa täsirleşmesi gaýdymly täsirleşmesi diýilýär. Himiki häsiýetleri. Çylşyrymly efirleriň täsirleşmeleriniň biri olaryň suw bilen täsirleşmesidir. Täsirleşmäniň netijesinde ýene karbon kislota we spirt emele gelýär. Meselem, Çylşyrymly efir bilen suwuň täsirleşmeginden spirtiň we kislotanyň emele gelmek täsirleşmesine gidroliz diýilýär. 3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele. 3-nji soragnama 1. Duzlaryň gidrolizi. Islendik maddalaryň suw bilen himiki täsirleşmegine gidroliz diýilýär. Duzlaryň ionlarynyň suw bilen täsirleşip, ergindäki wodorod we gidroksid ionlarynyň gatnaşyklarynyň üýtgemegine duzlaryň gidrolizi diýilýär. Islendik duzy kislotalar bilen esaslardan bitaraplaşma täsirleşmesiniň üsti bilen emele gelýär diýip kabul etmek bolar. Esaslaryň we kislotalaryň güýçlüligine görä duzlary 4 sany topara bölüp bolýar: • Güýçli esaslardan we gowşak kislotalardan emele gelen duzlar (КСN, NaCH3COO). • Gowşak esaslardan we güýçli kislotalardan emele gelen duzlar (СuCl2, FeSO4, Mn(NO3)2. • Gowşak kislotadan we gowşak esaslardan emele gelen duzlar (NH4CN,Cu(CH3COO)2). • Güýçli kislotalardan we güýçli esaslardan emele gelen duzlar (NaCl, K2SO4, BaI2). Güýçli esasdan we gowşak kislotadan emele gelen duzlar gidrolizleşýärler, meselem: NaCN + Н2О ↔ NaOH + HCN Gidroliziň doly ion deňlemesi: Na+ + CN¯ + Н2О ↔ Na+ + OH¯ + HCN Gidroliziň gysgaldylan deňlemesi: CN¯ + Н2О ↔ OH¯ + HCN рн>7, tebigaty aşgar, anion boýunça gidrolizleşýär. Güýçli esasdan we gowşak kislotadan emele gelen duzlar gidrolizleşýärler: 2. Alkanlar, olaryň molekulalarynyň gurluşy, atlandyrylyşy. Alkanlaryň alnyş usullary, fiziki we himiki häsiýetleri. Alkanlaryň (ýa-da doýan uglewodorodlarda) uglerod atomlarynyň ähli boş walentlilikleri wodorod atomlary bilen doly doýandyrlar. Şonuň üçin olara doýan uglewodorodlar diýilýär. Alkanlaryň umumy formulasy CnH2n+2. Alkanlardaky her bir uglerod atomy sp3 gibrid ýagdaýdadyr. Alkanlaryň molekulalarynda diňe α baglanyşyklar bar. Sistematik IÝUPAK atlandyrylyşy boýunça alkanlaryň gomologik hatarynyň ilkinji dört wekilleriniň taryhy atlandyrylyşy saklanýar- metan, etan, propan we butan. Galan şahalanmadyk alkanlar grek sanawynyň yzyna -an goşulmasy goşulyp atlandyrylýar. Meselem: pentan, geksan, geptan we ş.m. Şahalanan alkanlar atlandyrylanda (IÝUPAK) aşakdaky düzgünlere esaslanylýar. 1. Şahalanmadyk uzyn zynjyr saýlanyp alynýar. 2. Uzyn zynjyrdaky şahalanan orun tutujylar (toparlar, radikallar) zynjyryň haýsy tarapyna ýakyn bolsa, şahlanmadyk esasy zynjyr şol tarapdan başlap belgilenýär. 3. Eger birnäçe meňzeş toparlar, radikallar bolsa, onda degişlilikde grek sanawy boýunça:di-, tri-, tetra-, penta- we ş.m. belgilenýär. 4. Dürli topar, radikallar bolsa, onda elipbiý boýunça atlandyrylýar. Alkanlaryň esasy tebigy çeşmesi nebit we tebigy gazdyr. Nebitiň dürli fraksiýalarynda C 5H12-den, C30H62-ä çenli alkanlar saklanýar. Alkanlaryň sintetik alnyş usullaryndan şu aşakdakylary görkezmek bolar: 1. Doýmadyk uglewodorodlardan alnyşy. 2. Uglewodorodlaryň gologenli önümlerinden alnyşy. 3. Karbon kislotalarynyň duzlaryndan alnyşy. 4.. Karbid usuly. Tejribe şertlerinde metany, köplenç alýuminiý karbidinden alýar: Al4C3+12HCl=3CH4+4Al(OH)3 Adaty şertlerde alkanlaryň gomologik hatarynyň ilkinji dört wekili (C1-C4) gazlar, pentanda geptadekana( C5-C17) çenli normal alkanlar suwuklyklar, C18-den ýokary gaty maddalardyr. Adaty şertlerde alkanlar himiki taýdan inertdirler. Alkanlaryň himiki häsiýetleri: 1. Alkanlaryň galogenleşdirilmegi. 2. Nitrolama (Konowalowyň)täsirleşmesi. 3 +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net 3. Alkanlaryň sulfohlorlama täsirleşmeleri. 4. Alkanlaryň krekingi. 5. Okislenmegi. Howada ähli alkanlar ýanyp kömürturşy gazyny we suwy emele getirýärler. 3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele. 4-nji soragnama 1. D.I. Mendeleýew tarapyndan açylan himiki elementleriň periodik kanuny we periodik sistemasy. Rus alymy D. I. Mendeleýew 1869-njy ýylda tebigatyň kanuny bolan himiki elementleriň periodik kanunyny açdy. Periodik kanuny D. I. Mendeleýewiň açmagynyň bimäçe sebäpleri bar. Birinjiden, beýleki alymlar diňe kowumdaş elementleriň arasyndaky baglanyşygy gözlediler. Olardan tapawutlylykda D.I.Mendeleýew ähli elementleriň arasyndaky baglanyşygy kesgitlemäge çalyşdy. Ikinjiden, elementiň esasy häsiýetnamasy hökmünde olaryň atom massalary ulanylýardy. Atom massalary takyk däl elementler duş gelýärdi. Bu bolsa himiki elementler otnositel atom massalarynyň artýan tertibinde hatar boýunça ýerleşdirilende ýalňyşlyk döredýärdi. D. I. Mendeleýew käbir elementleriň atom massalarynyň takyk däldigi baradaky çaklamany aýtdy. Bu çaklamany aýtmak üçin şol elementleri häsiýetlerine esaslanyp, himiki elementleriň hatarynda öz orunlarynda dogry ýerleşdirmek gerekdi. Üçünjiden, şol döwürde jemi 63 sany himiki element açylypdy. Alymlar heniz açylmadyk elementleri göz öňünde tutmaýardylar. D. I. Mendeleýew indi açylmaly elementleriň bardygyny çaklady. Hatarda açylmadyk elementleriň orunlaryny boş goýdy. 1863-nji ýylda himik alym Jon Aleksandr Nýulend öz teoriýasyny hödürledi. Onuň teoriýasy boýunça himiki elementleriň ýerleşiş shemasy Mendeleýewiň tablisasyna meňzeşdi. Ýöne şol wagt bu teoriýa üns berilmän galýar. 1869-njy ýylda D.I.Mendeleýew periodik sistemanyň öz düzen shemasyny Russiýanyň himiki jemgyýetiniň žurnalynda çap edýär we dünýäniň himik alymlaryna habar iberýär.Soňra Mendeleýew sistemasyny birnäçe gezek işläp kämilleşdirýär. D.I.Mendeleýewiň açyşynyň esasy manysy atom massanyň artmagy bilen ,elementleriň himiki häsiýetleriniň periodik üýtgeýänligidir. 1871-nji ýylda Mendeleýew hemme ideýalary periodik kanunda jemledi. Periodik kanun:”Himiki elementleriň sada we çylşyrymly maddalarynyň häsiýetleri elementleriň atom massalaryna baglylykda periodik üýtgeýär”.Alym birnäçe açylmadyk elementleriň häsiýetlerini öňünden aýtdy. D.I.Mendeleýewiň açylmadyk elementlere degişli aýdan çaklamalary hakykata gabat geldi. 2. Organiki däl we organiki himiýada kataliz. Öwrülişikli we öwrülişiksiz himiki reaksiýalar. 1.Katalizator we onuň funksiýasy. Katalizator – reaksiýa girýän maddalar bilen aralyk birleşmeleri emele getirip, himiki reaksiýanyň işjeňleşme energiýasyny peseldýän, aralyk reagentdir. Reaksiýanyň tizligini artdyryp , ýöne özi reaksiýada harçlanmaýan maddalara katalizator diýilýär. Katalizatoryň esasy funksiýasy –reaksiýa girýän maddalar bilen has işjeň (reaksion-ukuply) aralyk birleşmeleri ýa-da kompleksleri emele getirip, reaksiýanyň işjeňlik energiýasyny peseltmek we netijede reaksiýanyň tizligini artdyrmakdyr. Ingibitor – dürli himiki reaksiýalary: okislenme, polimerleşme, metallaryň korroziýasy we ş.m. haýalladýan ýa-da geçmeginiň öňüni alýan maddadyr. Meselem: gidrohinon – benzaldegidiň okislenmeginiň, tehnesiý metallaryň korroziýasynyň öňüni almak üçin ingibitordyr. Ingibitoryň esasy funksiýasy –başlangyç maddalar bilen işjeňligi pes bolan birleşmeleri emele getirip, himiki reaksiýanyň işjeňleşme energiýasyny artdyrmakdyr. 2.Kataliz hadysasy. Katalizatoryň täsiri astynda geçýän reaksiýalara katalitiki reaksiýalar diýilýär. Katalizatoryň täsiri astynda reaksiýanyň tizliginiň üýtgemegine kataliz diýilýär. 3.Organiki maddalaryň arasynda geçýän reaksiýalara katalizatoryň täsiri reaksiýanyň gomogendigine we geterogendigine seretmezden katalizatoryň täsiri birmeňzeşdir. Ýagny, katalizator himiki reaksiýa işjeň gatnaşyp, reaksiýa ukyplylygy ýokary bolan aralyk önümleri emele getirýär. reaksiýa ukyplylygy ýokary bolan önüm bolsa ,onuň tizligini çaltlandyryp, ahyrky önümi emele getirýär. Mysal üçin ,etil spirti kükürt kislotasynyň gatnaşmagynda etilenden alynýar. Etilen suw bilen gönümel täsirleşmän, kükürt kislotasy bilen täsirleşýär: CH2= CH2 + H—OSO2--OH CH3—CH2—O—SO2—OH Netijede suw bilen täsirleşme ukyby ýokary bolan etilsulfat emele gelýär. CH3—CH2—O—SO2—OH + HOH CH3—CH2—OH + HO—SO2—OH 4.Organiki däl maddalaryň arasynda geçýän reaksiýalara katalizatoryň täsiri 4 +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net Katalitik reaksiýalar kölenç geterogen reaksiýadyr , ol köplenç adsorbent bolup hyzmat edýär. Mysal üçin , kükürt(IV) oksidinden kükürt (IV) oksidi emele gelende , V2O5 katalizatordyr. Wanadiý oksidi ýokary derejede owradylyp, onuň galtaşma üsti artýar, ol adsorbsiýanyň geçmegini çaltlandyrýar we reaksiýanyň tizligi artýar. Şol bir wagtda göni we tersine geçýän reaksiýalara öwrülişikli reaksiýalar diýilýär. Eger reaksiýa soňuna çenli geçse, ol öwrülişikli reaksiýa däldir. Göni we ters reaksiýalaryň tizlikleriniň deňleşen ýagdsaýyndaky sistema himiki deňagramlylyk diýilýär. Himiki deňagramlylykda maddalaryň mukdar gatnaşyklary üýtgemän durýar. Meselem :N2 + 3H2 → 2NH3 reaksiýada , başda azodyň we wodorodyň mukdary azalyp, ammiagyň mukdary artyp başlaýar. Belli bir wagt aralygynda olaryň mukdarlary kesgitli gatnaşykda bolup üýtgemän durýarlar. 3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele. 5-nji soragnama 1. Elektroliz. Elektroliz barada düşünje. Anodda we katodda bolup geçýän himiki öwrülmeler. Elektrolitleriň suwda ýa-da gyzdyrylyp eredilen erginlerinde hemişelik elektrik togy goýberilende elektrodlarda bolup geçýän okislenme –gaýtarylma reaksiýalara elektroliz diýilýär. elektrolizi elektrolizýor atly abzalda geçirýärler. Ol elektrodlardan we hemişelik toguň çeşmesinden ybaratdyr. katod – otrisatel zarýadlanan elektrod, anod –položitel zarýadlanan elektroddyr. Elektrik togy goýberilende položitel zarýadlanan ionlar katoda , otrisatel zarýadlanan ionlar anoda tarap hereket edýärler . Şonuň üçin položitel zarýadlanan ionlara kationlar, otrisatel zarýadlanan ionlara anionlar diýilýär. Katodda gaýtarylma , anodda okislenme hadysasy bolup geçýär. Elektrolizdeelektrikenergiýasyhimikienergiýa öwrülýär . Gyzdyrlyperedilenerginleriňelektrolizi 2NaCl→2Na+Cl₂ Katodda:Na⁺+e⁻→Na⁰ Anodda:2Cl-2e⁻→Cl₂⁰ Duzlardan we aşgarlardan,aşgar we aşgar-ýermetallarynyalmaklykda ulanylýar Erginleriňelektrolizi (suwuň täsirini hem hasaba alynmagy bilen has çylsyrymlybolupgeçýär) 2NaCl+H₂O→2NaOH+H₂+Cl₂ Katodda:2H₂O+2e⁻→H₂⁰+2OH⁻ Anodda: 2Cl -2e⁻→Cl₂⁰ Duzlardan aşgarlary,orta we azisjeňmetallaryalmakda, goranyş metal örtügini döretmeküçin ulanylýar (nikelleme, hromlamak) Ionlaryň okislenme-gaýtarylmalarynda kanunalaýyklyklar: 1. Metallar-metallaryňelektrohimiki güýjenmehataryndaýerleşişi boýunça (çepden saga metallaryňgaýtaryjylyk häsiýetleripeselýär, ionlaryňokislendirijilikhasiýetleri güýçlenýär) 2. Anionlaryň gaýtaryjylyk häsiýetlerişu hatar boýunça güýçlenýär: F⁻;NO₃⁻;SO₄²⁻;OH⁻;Cl⁻;Br⁻;I⁻;S²⁻; 3. Gurşawyňhasiýeti okislenme – gaýtarylma hadysasyna täsir edýär 4. Elektrodlaryň görnüşi okislenme – gaýtarylma hadysasyna täsir edýär 2. Alkenler, olaryň molekulalarynyň gurluşy we atlandyrylyşy. Alkanlaryň alnyşy, fiziki we himiki häsiýetleri. Umumy formulasy CnH2nbolan ,düzüminde bir sany ikili baglanyşygy bolan doýmadyk uglewodorodlara alkenler ýa-da etilen uglewodorodlary diýilýär. Alkenlere olefinler hem diýilýär. Alkenlerde uglerod atomy sp2 gibrid ýagdaýynda bolýar, ýagny bir sany s we iki sany p elektronlar gibridleşýärler. Gibridleşen elektronlar σ baglanyşygy , gibridleşmedikler π baglanyşygy emele getirýärler.Tebigatda alkenler seýrek duş gelýärler. Ýöne alkenler örän gymmatly çig maldygy sebäpli, ony senagatda alýarlar. Alkenleriň alnyş usullary: 1.Nebitiň düzümine girýän alkanlar kreking edilende alken alynýar: R-СH2-СH₂-R ----- → R-СH—СH-R+H2 Alkanlaryň degidrirlenmegi C₂H₆→H₂С=СH₂+H₂ 2)Spirtleriň degidratasiýasy– suwuň aýrylmagy СH₃-СH₂OH→ →СH₂=СH₂+HOH 3)Galogenalkanlara metallaryň we aşgarlaryň spirtli erginleriniň täsiri. Digalogenalkanlara sinktäsiretdirip,alkenalypbolýar: СH₂Сl-СH₂Сl+Zn→ZnСl₂+СH₂=СH₂ galogenalkanlaraaşgarlaryňkonsentrirlenenerginleritäsiredendealkenleralynýar. СH₃-СH₂Сl+NaOH(kons)→СH₂=СH₂+NaСl+HOH 4)Alkinleriň gidrirlenmegi netijesinde alkenler alynýar: 5 +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net HС≡СH+H₂→H₂С=СH₂ IÝUPAK atlandyrylyşy boýunça ikili baglanyşyk saklaýan uglewodorodlara alkenler diýilýär.Alkenler atlandyrlanda degişli alkanlaryň –an goşulmasynyň ýerine –en goşulmasy goşulýar,eten(etilen),propen,buten-1, buten-2 san bilen ikili baglanyşygyň ýerleşişi görkezilýär.Alkenlere Alkenlere gurluş we giňişlik izomeriýalar mahsusdyr.Gurluş izomeriýanyň iki görnüşi:1.uglerod skeletiniň we ikili baglanşygyň ýerleşişiniňizomeriýasy bardyr. Giňişlik izomeriýanyň-geometrik (sis-trans) izomeriýasy bar.Toparlaryň arasyndaky halkaly alkanlar bilen izomeriýasy mahsusdyr.1.Alkenler doýmadyk uglewodorodlardyr, şonuň üçin olara birleşme reaksiýalary mahsusdyr.π baglanyşygyň elektron dykyzlygy aňst elektrofil bölejikler bilen birleşme reaksiýalaryna girýär.Şol sebäpli alkenleriň köp reaksiýalary elektrofil birleşme mehanizmi boýunça geçýär we AE belgisi bilen bellenýär.Elektrofil birleşme reaksiýalary- bu ion hadysasydyr. Ol birnäçe basgançakda geçýär. Birinji basgançakda elektrofil bölejik (köplenç H protony) ikili baglanyşygyň π elektrony bilen täsirleşýär. Soňra ol kompleks elektrofil bölejik bilen uglerod atomlarynyň biriniň arasynda kowalent baglanyşygy emele getirip, karbokationa öwrülýär. Ikinji basgançakda karbokation anion bilen reaksiýa girip, anionyň elektronjübütiniň hasabyna ikinji baglanyşygy emele getirýär.Elektrofil birleşme reaksiýalarynda ikili baglanyşykly uglerod atomynyň haýsysynda otrisatel zarýad köp bolsa, şoňa-da wodorod iony birleşýär. 2. Simmetrik däl alkenlere HX görnüşli polýar molekulalar birleşse, wodorod köp gidrirlenen uglerod atomyna, X- az gidrirlenen uglerod atomyna birleşýär. 1)Birleşme reaksiýalary: a)Galogenleşme СH₂=СH₂+Сl₂→ СH₂Сl-СH₂Сl b)Gidrirlenme H₂С=СH₂+H₂→ C₂H₆ ç)Gidrogalogenirlenme СH₂=СH₂+HСl→ СH₃-СH₂Сl d)Gidratasiýa СH₂=СH₂+HOH→ СH₃-СH₂OH e)Polimerleşme nСH₂=СH₂(-СH₂-СH₂-)n 2)Okislenmek we ýanmak СH₂=CH₂+[O]+HOH→СH₂OH−CH₂OH СH₂=СH₂+3O₂→2СO₂+2H₂O 3)Dargamagy СH₂=CH₂→С+2H₂ 3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele. 6-njy soragnama 1. Oksidler we olaryň toparlara bölünişi. Oksidleriň alnyşy, fiziki we himiki häsiýetleri. Organiki däl birleşmeler oksidler, gidroksidler, kislotalar we duzlar diýen dört sany esasy topara bölünýärler.Iki elementiň biri kislorod bolan birleşmelere oksid diýilýär (ftoruň oksidi ýok). Elementleriň kislorodly birleşmelerine oksidler diýilýär. Oksidleriň umumy formulasy: ExOy. Bu ýerde E-himiki elementiň belgisi, x we y-indeksler. Oksidler iki topara, ýagny duz emele getirýän we duz emele getirmeýän oksidlere bölünýärler. Duz emele getirmeýän oksidler örän az sanlydyr. Olara N20, NO, CO we ş.m. mysal getirmek bolar. Duz emele getirmeýän oksidler kislotalar we esaslar bilen täsirleşmä gatnaşmaýarlar. Duz emele getirýän oksidler üç topara, ýagny: esas oksid, kislota oksid, amfoter oksidler. Kislotalar bilen özara täsirieşip, duz we suw emele getirýän oksidiere esas oksidler diýilýär. Esas oksidleriniň kislotalar bilen özara täsiri: 3Na2O + 2H2PO4 → 2Na3PO4 + 3H2O Esas oksidlerine Li2O, Na2O, K2O, CaO, MgO, CuO we ş.m. degişlidir. Esas oksidleriň degişli esaslary bar: (MgO →Mg(OH)2, CaO → Ca(OH)2 we ş.m.). Esas oksidlerine düzüminden suwy aýrylan esaslar hökmünde garamak bolar. Ereýän esas oksidleri suwy birleşdirip, degişli esaslary emele getirýärler. Meselem: Na2O + HOH → 2NaOH Esaslar ýa-da esas oksidleri bilen täsirleşip, duz emele getirýän oksidlere kislota oksidler diýilýär. Kislota oksidleriniň esaslar bilen özara täsiri: SO3 + 2KOH → K2SO4 + H2O Kislota oksidlerine SO3, CO2, SiO2, Cl2O7, P2Os we ş.m. degişlidir. Kislota oksidleriniň degişli kislotalary bar : (SO3→ H2SO4, P2Os → H3PO4 we ş.m.). Bu oksidlere düzüminden suwy aýrylan kislotalar hökmünde garamak bolar. Ereýän kislota oksidleri suwy birleşdirip, degişli kislotalary emele getirýärler. Meselem: SO3 + HOH → H2SO4 6 +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net Kislota oksidlerine başgaça kislota angidridler hem diýilýär. Suw bilen täsirleşip, bir wagtyň özünde iki sany kislotany emele getirýän angidridler hem bardyr. Olara garyşyk angidridler diýilýär. Meselem: 2NO2 + HOH →HNO3 + HNO2 Diýmek, NO2 azot we azotly kislotalaryň angidrididir. Kislotalar vve kislota oksidleri hem-de esaslar we esas oksidleri bilen täsirleşip, duz emele getirýän oksidlere amfoter oksidler diýilýär. Şeýle oksidlere ZnO, A12O3, Cr2O3, PbO2, SnO, SnO2, Fe2O3 we ş.m. degişlidirler. Meselem, ZnO kislotalar we aşgarlar bilen täsirleşip, duz we suw emele getirýär: ZnO + 2HC1→ ZnCl2 + H2O Oksidleriň alnyşy. Oksidleri almagyň bimäçe usullary bar. Olaryň esasylary aşakdakylardyr: • Sada maddalaryň kislorod bilen özara täsiri 2Ca + O2→ 2CaO • Çylşyrymly maddalaryň kislorod bilen özara täsiri 2H2S + 3O2→ 2SO2 + 2H2O • Duzlardan oksidleriň alnyşy CaCO3→ CaO + CO22Cu(NO3)2→ 2CuO + 4NO2 + O2 • Gidroksidlerden oksidleriň alnyşy 2Fe(OH)3→ Fe2O3 + 3H2O • Kislotalardan oksidleriň alnyşy H2CO3→ CO2 + H2OH2SiO3 →SiO2 + H2O • Käbir metallaryň we metal dälleriň kislotalar biien özara täsiri Cu + 4HNO3 → Cu(NO3)2 + 2NO2 + 2H2O C + 2H2SO4→ CO2 + 2SO2 + 2H2O 2. Alkinler, olaryň molekulalarynyň gurluşy we atlandyrylyşy. Alkinleriň alnyşy, fiziki we himiki häsiýetleri. Düzüminde bir sany üçli baglanyşyk saklaýan has doýmadyk uglewodorodlara alkinler ýa-da asetilen uglewodorodlar diýilýär. Alkinleriň umumy formulasy CnH2n-2. Alkinlerde uglerod atomy sp gibrid ýagdaýyndadyr. Fiziki häsiýetleri. Alkinler reňksiz gaz ýa-da suwuklykdyr. C17-den başga kristal maddalardyr. Alnyşy. 1. Senagatda asetilen metanyň ýa-da etanyň pirolizi netijesinde (ýokary temperaturada howa berilmezden organiki maddalaryň dargamagyna piroliz diýilýär) alynýar: 2. Asetileni senagatda metallaryň karbidlerine suwy täsir etdirip alýarlar. 3. Asetileni almak üçin aşakdaky elementlerden göni sintez hem bolup biler. Himiki häsiýetleri. 1. Asetileniň C-H turşulygy we asetilenidleriň alnyşy. 2. Galogenleriň birleşmesi. 3. Galogen wodorodlaryň birleşmegi. 4. Wodorodyň birleşmegi. 5. Suwuň birleşmegi (Kuçerowyň täsilreşmesi). 3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele. 7-nji soragnama 1. Dissosiasiýa derejesi. Güýçli we gowşak elektrolitler. Elektrolitleriň birnäçesi suwda eredilende olaryň molekulalary ýa-da bölejikleri ionlara doly dissosirlenýärler. Bu ýagdaýda erginde eredilen elektrolitiň gidratlaşan ionlary, şol ionlaryň emele getiren toplumlary we eredijiniň molekulalary bardyr. Dissosirlenen molekulalaryň sanynyň ergindäki molekulalaryň umumy sanyna bolan gatnaşygyna dissosiasiýa derejesi diýilýär. α(alfa)α = Ndissosiirlenen molekul . sany Nmolek-ň umumy sany Dissosasiýa derejesini dissosirlenen molekulalaryň konsentrasiýasyny erginiň umumy konsentrasiýasyna bölmek bilen hem tapyp bolar. Onuň absolýut san bahasy noldan bire çenli bolup bilýär. Gowşak elektrolitleriň dissosiýasy yzyna gaýdýan hadysa bolup olaryň molekulalarynyň az sany dissosirlenenden soň deňagramlylyk ýüze çykýar. Dissosiýa derejesiniň bahasy boýunça elektrolitleri üç topara: güýçli, orta, orta güýçli we gowşak elektrolitlere bölýärler. 7 +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net Eger-de dissosasiýa derejesiniň bahasy 100%-e golaý bolsa ýa-da başgaça elektrolitiň eredilen molekulalarynyň hemmesi ionlaşan bolsalar, şeýle elektrolitlere güýçli elektrolitler diýilýär. Eger-de dissosasiýa derejesiniň bahasy 50%-e golaý bolsa, şeýle elektrolitlere orta güýçli elektrolitler diýilýär. Orta güýçli elektrolitlere kislotalardan ortofosfor H3PO4, kükürtli H2SO3, ftoroowodorod HF kislotalary, esaslardan aminler we beýlekiler degişlidir. Gowşak elektrolitleriň dissosasiýa derejesi nola golaýdyr. Olara esaslardan ammoniý NH4OH, sink Zn(OH)2, alýuminiý Al(OH)3 gidroksidleri hem-de kislotalardan kömür H2CO3, kükürtwodorod H2S kislotalary we beýlekiler degişlidir. 2. Krahmal. Molekulasynyň gurluşy, tebigatda tapylyşy, fiziki we himiki häsiýetleri, ulanylyşy. Krahmal tebigy polimer bolup halkaly α-görnüşli glýukozanyň galyndylaryndan düzülen.Organizmde glikogen (öýjükde glýukozanyň ätiýaçlygy) emele gelýär.Gidro-lizinde α-görnüşli glýukoza emele gelýär. Zynjyrly we şahalanan gurluşly bolýar.Krahmalyň amiloza we amilopektin diýen iki görnüşi bar.Amiloza suwda ereýär, onuň molekulasynda α-glýukozanyň galyndylary biri-biri bilen birinji we dördünji uglerod atomlary arkaly birleşýärler. Tebigy polimer,α-görnüşli glýukozanyň galyndylaryndan emele gelýär.n-polimerleşme derejesi. Amilozanyň molekulasynyň göni polimer zynjyry spirala öwrülýär.Spiralyň içinde 0,5 nm ölçegli kanal bar.Şol kanal arkaly amiloza käbir molekulalaery saklap bilýär meselem : ýoduň molekulasyny . Amilozadan tapawutlylykda amilopektin suwda eremeýär, onuň şahalanan gurluşy bar.Onuň molekulasyndaky αglýukozanyň galyndylary diňe bir 1-4 baglanyşyklar bilen däl-de, 1-6 baglanyşyklar bilen hem baglanyşýarlar. Fiziki häsiýetleri: Sowuk suwda eremeýän,tagamsyz ak külkedir.Gyzgyn suwda çişip,kleýster emele getirýär Alnyşy: Glýukozanyň polikondensasiýasy Senagatda krahmal düzüminde krahmal saklaýan önümlerden alynýar. Himiki häsiýetleri: Turşy gurşawda gyzdyrlanda gidrolize sezewar bolýar (C₆H₁₁O₅)n+nH₂O→nC₆H₁₂O₆ Gidroliz basgançakly geçýär Krahmal→dekstrin→maltoza→glýukoza. Hil reaksiýasy ýod bilen täsirleşmesi (gök reňke boýalmagy). Ulanylyşy:Gymmatly iýmit önümi.Çöregiň ýer almanyň düzümine girýär.Organizmde glikogene öwrülýär.Öýjükde glýukozanyň çeşmesi bolup hyzmat edýär.Egin-eşikleri krahmallamak,ýelim almak üçin ulanylýar.Senagatda etanol,süýt kislotasy alynýar. 3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele. 8-nji soragnama 1. Suwuň talhlygy we ony aýyrmagyň usullary. Arçabil agyz suw kärhanasy. 1.Magniý we kalsiý ionlary tebigy suwlarda talhlygy döredýär. Eger suwuň düzüminde Mg2+ we Ca2+ kationlaryň konsentrasiýasy köp bolsa , ol suwa talh suw, az bolsa ýympyk suw diýilýär. Adatça guýynyň suwy talh, ýagyş suwy ýympyk suwdur. 2. Suwuň talhlygynyň iki görnüşi bar: wagtlaýyn we hemişelik talhlyk. 3.Wagtlaýyn talhlygy magniý we kalsiý gidrokarbonatklaryemele getirýär.Şonuň üçin oňa karbonat talhlyk diýilýär. 4. Eger-de suwda erän görnüşinde magniý we kalsiý elementleriniň beýleki duzlary ÇaSO4 , MgSO4 bar bolsa, seýle suwa hemişelik talhlygy bar bolan suw diýilýär. Wagtlaýyn we hemişelik talhlygyň jemine umumy talhlyk diýilýär. Senagatda we hojalykda ulanylýan , wagtlaýyn we hemişelik talhlygy bolan suwuň düzümindäki bar bolan şeýle duzlary aýyrmak zerurdyr. Sebäbi talh suwda kir ýuwlanda sabyn köpürjiklemeýär. Şonuň ýaly-da wagtlaýyn talhlygy bolan suw senagatda , hojalykda , awtomobilleriň sowadyş ulgamynda ulanylsa, enjamlaryň, gabyň we sowadyş ulgamynyň diwarynda kesmek emel;e gelýär.Kesmegiň emele gelmegi gidrokarbonatlaryň temperaturanyň täsirinde dargamagy netijesinde bolup geçýär: 2Mg(HCO3)2 =MgCO3 +Mg(OH)2 +H2O +3CO2 Ca(HCO3)2 =CaCO3 + H2O +CO2 Emele gelen kesmegiň düzümi esasan magniý we kalsiý gidrokarbonatlaryndan ybaratdyr. Wagtlaýyn talhlygy sodany we hek suwuny täsir etdirip hem aýryp bolýar. 8 +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net Ca(HCO3)2 +Ca (OH)2=CaCO3 + H2O +CO2 Mg(HCO3)2 +Na2CO3=MgCO3 +NaHCO3 Suwuň hemişelik talhlygyny aýyrmak üçin , oňa soda goşulýar. CaCl2 +Na2CO3=CaCO3 + 2NaCl MgSO4 +Na2CO3=MgCO3 +Na2SO4 5. Senagat kärhanalarynda talhlygy aýyrmak üçin ion çalşyjy smolalardan - ionitlerden peýdalanylýar. çalyşýan ionyna baglylykda kationitler we anionitler bardyr.şonda talhlygy emle getirýän ionlary , şonuň ýaly-da islendik beýleki zyýanly ionlary zyýansyz H+ (R-H kationitleriň H görnüşi) we OH- (R-OH anionitleriň OH görnüşi) ionlaryna çalyşýar. Ion çalyşma adsorbsiýa reaksiýasy ion çalyşma reaksiýasyna meňzeşdir : Ca2+ +2HR= 2H+ +CaR2 Bu ýerde R- ionitiň çalyşmaýan bölegi 2. Halkaly parafinler, molekulalarynyň gurluşy, atlandyrylyşy. Halkaly parafinleruň alnyşy, fiziki we himiki häsiýetleri. Umumy formulasy CnH 2n bolan , halkaly gurluşy bolan uglewodorodlara halkaly alkanlar diýilýär.Halkalyalkanlarda her biruglerod atomy SP³- gibridýagdaýyndadyr.Olar dört σ-baglanyşygy emele getirýärler Tebigatda duş gelşi. Halkaly parafinler,esasan käbir nebitiň düzüminde duş gelýär. Halkaly alkanlaryň alnyşy. 1. Halkaly alkanlaryň esasy alnyş usuly digalogen alkanlardan iki galogen atomlarynyň aýrylmagydyr. 2. Aromatik uglewodorodlary katalitik gidrirläp halkaly geksan we onuň gamologlaryny alýarlar. Fiziki häsiýetleri. Adaty şertlerde halkalyalkan hatarynyň ilkinji iki agzasy (C3-C4)-gazlar, (C5-C16) suwuklyklardyr.C17-den başlap gaty maddalardyr. Halkalyalkanlaryň gaýnama we ereme temperaturalary degişli alkanlaryňkydan ýokarydyr. Himiki häsiýetleri. Kiçi we orta halkalar öz aralarynda tapawutlanýarlar. Halkaly propan we halkaly butan alkenler ýaly birleşme täsirleşmelerine girýärler. Halkaly pentan we halkaly geksan özleriniň himiki häsiýetlerine görä alkanlara ýakyn bolup, orun tutma täsirleşmelerine gatnaşýarlar. 1. Halkaly propan we halkaly butan halkanyň açylmagy bilen bromy birleşdirýärler. 2. Halkaly propan, halkaly butan, halkaly pentan wodorody birleşdirip degişli alkanlary emele getirýärler. 3. Galogenwodorodlar bilen hem kiçi halkalar birleşme täsirleşmelerine girýärler. 4. Adadty halkalar durnukly, şonuň üçin hem olar alkanlar ýaly oruntuma täsirleşmesine girýärler. 5. Halkaly geksan nikel katalizatorynyň gatnaşmagynda degidrirlenip, benzoly emele getirýär. 6. Halkaly alkanlar ýananda kömürturşy gazy we suw emele gelýär. 3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele. 9-njy soragnama 1. Silikat senagaty. Aýna önümçiligi. Keramika önümçiligi. Sementiň öndürilişi. Keletedäki sement kärhanasy. Kremniý kislotasynyň duzlaryna silikatlar diýilýär. Tebigatda kremniniň (IV) oksidi çägäniň, toýunyň düzüminde köp duş gelýär. Çägeden toýundan we onuň önümlerinden taýýarlanan mateliallara silikat önümleri diýilýär. Silikat materiallaryny öndürýän senagatyň pudagyna silikat senagaty diýilýär.Kremniniň birleşmeleri keramikany, aýnany, sementi, farfory, silikat kerpijini, ýagny silikat senagatynyň esasyny düzýän materiallaryň ählisini öndürmek üçin hyzmat edýär. Silikat senagatynyň üç önümçiligi bar:1. aýna önümçiligi,2. keramika önümçiligi 3. sement önümçiligi. Aýna önümçiligi üçin çig mal ak çäge, soda we hek daşydyr. Bu maddalar örän ýokary temperaturada gyzdyrylyp , eredilýär. Sowandan soň adaty aýna alynýar. Geçýän himiki reaksiýa: Na2CO3 + CaCO3 + 6SiO2=Na2O•CaO•6SiO2 +2CO2 Türkmenistanda aýna Aşgabatdaky “Aýna “ kombinatynda öndürilýär. Bu kärhananyň gurluşygy 1921-nji ýylda başlandy. 1959-njy ýylda Şol döwre çenli gurlan aýna zawodlarynyň üçüsi birikdirildi. Häzirki wagtda aýna zawodynda diňe bor penjire aýnalary däl-de eýsem çüýşe gaplar, termos, ýylylygy we gün şöhlelerini saklaýjy aýnanyň dürli görnüşleri öndürilýär. Aýna öndürmek üçin gerek çig mal , suw we energiýa Türkmenistanyň özünde ýeterlikdir. 1970-nji ýyldan başlap, zawodyň peçleri tebigy gaz bilen gyzdyrylýar. Zawodda öndürilen önümler diňe bir Türkmenistanyň gurluşyk materiallaryna bolan talabyny üpjün etmek bilen çäklenmän eýsem Eýran, Turkiýe, Owganystan ýaly beýleki birnäçe döwletlere hem satylýar. Aýna önümçiligi Adaty aýna öndürmeklik üçin çig maly bolup kwars çägesi,hek we soda hyzmat edýär.Ýokary temperaturada (1500⁰С) bu maddalar garylýar we Na₂CO₃+SiO₂Na₂SiO₃+CO₂ CaCO₃+SiO₂CaSiO₃+CO₂ 9 +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net Na2CO3 + CaCO3 + 6SiO2=Na2O•CaO•6SiO2 +2CO2 reaksiýalar bolup geçýär. Eger-de potaş K₂СO₃;gurşunyň (II) oksidi PbO;we SiO₂ alynsa hrustal aýnasy, dürli metallaryň oksidleri garylanda bolsa reňkli aýnalar alynýar. Daşary döwletlerden getirilýän sodany Türkmenistanda köp mukdarda alynýan natriý sulfaty we kömruň garyndysy bilen çalşyrmak mümükinçiligi bardyr. Şonda aýna aşakdaky reaksiýa boýunça emele geler : Na2SO4 +C +CaCO3 + 6SiO2=Na2O•CaO•6SiO2 +2CO2 +SO2 +CO Çig malyň düzümine reňk beriji oksidler goşulanda reňkli aýnalar alynýar. Keramiki materiallary toýnuň görnüşlerinden ýa-da olaryň garyndylaryndan alýarlar. Keramiki materiallary öndürmek üçin, ilki eýlenen çig mala alynjak önümiň görnüşi berilýär. Soňra önümiň görnüşi berlen çig maly ýokary temperaturada gyzdyrýarlar. Keramiki önümler emele gelende çig mal doly eräp ergine geçmeýär-de, eýsem olaryň üsti eräp, bölejikler bir-birleri bilen ýapyşýarlar, sepleşýärler. Suwda gataýan tutluşdyryjy maddalara silikat (portlandsement) we alýumosilikat (glinozem) sementleri degişlidirler. Olardan portlandsement Keletedäki sement zawodynda öndürilýär. Sementi öndürmek üçin ulanylýan çig mallar hek (mergel) we toýundyr. Keletedäki sement zawodynda portlandsementi öndürmek üçin çig mal hökmünde Keletede, Baharlyda ýa-da Uly Balkanda duşýan hek we toýun ulanylýar. Bu zawodda portlandsementden başga-da, sementiň alýuminatly, şlakly görnüşlerini öndürmek mümkinçilikleri bardyr. Sementi öndürmek üçin owradylan başlangyç maddalaryň garyndysy 1400-1600 °C temperaturada aýlanýan peçde (32-nji surat) tä tutluşýança bişirilýär. Şonda emele gelen sement klinkeri, onda geçýän hadysalar doly gutarýança 2-4 hepde saklanýar. Soňra üwelenden we onuň üstüne gipsiň bellibir mukdary goşulandan hem-de ol taýýar önüme öwrülenden soň haltalara gaplanyp, gerek ýerlerine ugradylýar. 2. Aminler, molekulalarynyň gurluşy we atlandyrylyşy. Aminleriň fiziki we himiki häsiýetleri. Ammiak molekulasynyň düzümindäki bir ýa-da birnäçe wodorod atomlarynyň ornuny uglewodorod radikallary tutan organiki birleşmelere aminler diýilýär. Metilamin dimetilamin trimetilamin NH2-aminotopar 2. Aminleriň gurluşy: Ammiagyň molekulalaryndaky azot sp - gibridleşme ýagdaýyndadyr. Dört gibrid buludyň üçüsi H-C we N-H δ-baglanyşyklary emele getirmäge gatnaşýarlar, dördünji bulutda bolsa jübüt elektronlar ýerleşyär. Fiziki häsiýetleri: Alkilaminler özboluşly ysly, reňksiz gaz ýa-da suwuklyklardyr. Köp uglerod atomly aminler kristal maddalardyr. Suwda oňat ereýärler. Anilin suwda az, etil spirtinde we benzolda oňat ereýän, suwdan azrak agyrrak, reňksiz, ýagjymak suwuklykdyr. Himiki häsiýetleri: 1) Indikatorlaryň reňkini üýtgedýärler (esas häsiýetli) 2) Kislotalar b-n duz emele getirýärler RNH₂+HCl→[RNH₃]⁺Cl⁻ 3) Ýanmagy 4CnH₂n₊₃N+(6n+3)O₂→2N₂+4nCO₂+(4n+6)H₂O Alnyşy we ulanylyşy: 1)Ammiagyň alkilirlenmegi R-Cl+2NH₃→R-NH₂+NH₄Cl 2)Nitrobir-leşmeleri gaýtarmak R-NO₂+3H₂→R-NH₂+2H₂O Anilininitrobenzoly gaýtaryp alýarlar (Zininiň reaksiýasy 1842ý.) C₆H₅NO₂+3H₂→C₆H₅NH₂+2H₂O Sintetik boýaglary,däri-dermanlary almak üçin we partlaýjy maddalary almak üçin çig maly bolup hyzmat edýär. 3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele. 10-njy soragnama 1. Himiki analiz we onuň wezipeleri. Hil we mukdar analizi. 1.Daşymyzy gurşap alan jisimler dürli himiki elementlerden durýar. Netijede, islendik maddany analizlemek, onuň düzümindäki himiki elementleri kesgitlemekden ybarat. Sada düzüm böleklere dargatmak bilen çylşyrymly maddanyň himiki düzümini kesgitlemeklige analiz diýilýär. 10 +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net 2.Ýönekeý maddalardan has çylşyrymly maddalary almaklyga sintez diýilýär. Analiz bilen deňeşdirilende sintez gapmagarşylykly hadysadyr. Kesgitli şertlerde azotdan we wodoroddan ammiak sintezlenilýär: N2 + 3H2t, p 2NH3 Sintez diňe täze maddalary almak üçin däl-de, eýsem näbelli birleşmeleriň düzümini kesgitlemek maksady bilen hem ulanylýar. Onuň üçin kesgitlenilýän birleşmäniň häsiýetleri sintezlenip alnan maddanyň häsiýetleri bilen deňeşdirilýär.Meselem, wodoroddan we kisloroddan suw sintezlenildi.Netijede, suwuň wodoroddan we kisloroddan durýan çylşyrymly maddadygy subut edildi. Ýöne suwuň wodoroddan we kisloroddan emele gelen çylşyrymly maddadygy barada gutarnykly netijä gelmek üçin ony analizlemek zerur boldy. Şeýlelikde, sintezlemek we analizlemek arkaly suwuň himiki düzümi kesgitlenildi. Diýmek, maddanyň düzümini kesgitlemek üçin analiz bilen bir hatarda sintez usullary hem ulanylýar. Netijede, sintez analiziň üstüni ýetirýär 3.Maddalaryň düzümini analiz etmegi öwrenýän himiýanyň bölümi analitiki himiýa diýlip atlandyrylýar. Analitiki himiýa – maddalaryň düzüminiň barlag usullary baradaky ylymdyr. Analitiki himiýa tebigy ylymlar ulgamynda möhüm orny eýeleýär. Himiki analiziň esasynda ylmy maglumatlar toplanylýar, täze kanunlar we kanunalaýyklyklar açylýar.Himiki analiziň kömegi bilen öwrenilýän obýektiň düzüminde haýsy elementleriň we olaryň näçe mukdarynyň bardygy kesgitlenilýär. Şoňa görä himiki analiz iki bölümden,ýagny hil we mukdar analizlerinden durýar. Maddalar analizlenilende ilki bilen olaryň hil düzümi öwrenilýär. Soňra maddalaryň düzümine girýän elementleriň mukdary kesgitlenilýär. Hil analiziniň gury usulynda kesgitlenilýän maddany gaty reagent bilen sürtmek hem giňden ulanylýar.Reaksiýanyň netijesinde emele gelen önümleriň reňki boýunça degişli elementleriň ýa-da ionlaryň bardygy barada netije çykarylýar.Mysal üçin, kümüş hloridi galaýy (II)hloridi bilen sürtülende gara reňkli külke görnüşli madda emele gelýär. Munuň özi kümüş metalynyň emele gelendigine şaýatlyk edýär: 2AgCl + SnCl2 → 2Ag + SnCl4 Kobaltyň (II) sulfatynyň kristallary ammoniý rodanidi bilen sürtülende gök reňkli önüm emele gelýär. Munuň özi kompleks birleşmäniň (NH4)2[Co(SCN)4] emele gelendigine şaýatlyk edýär: CoSO4 + 4NH4SCN → (NH4)2[Co(SCN)4] + (NH4)2SO4 Tejribehana şertlerinde hil analiziniň öl usuly köp ulanylýar.Mukdar analizi bilen birleşmeleriň ýa-da maddalaryň garyndylarynyň düzüm bölekleriniň mukdar gatnaşyklary kesgitlenilýär. Mukdar taýdan analizlemek arkaly birleşmelerdäki elementleriň massa gatnaşyklary, erginiň belli bir göwrüminde erän maddanyň mukdary anyklanylýar. Bulardan başga-da, bir jynsly garyndylarda haýsydyr bir himiki elementiň, mysal üçin, nebitiň we tebigy gazyň düzümindäki uglerodyň göterimdäki mukdary kesgitlenilýär.Oba hojalygynda topragyň düzümindäki mikroelementleriň mukdary, dökünleriň netijeliligi mukdar analiziniň kömegi bilen analiz edilýär. Topragyň analizi ösümlikleriň ýokumly maddalar bilen üpjünçiligine baha bermek maksady bilen geçirilýär. Azot dökünleriniň netijeliligine düzümindäki azotyň, fosfor dökünleriniň netijeliligine düzümindäkiP2O5, kaliý dökünleriniň netijeliligine düzümindäki K2O mukdaryna baglylykda baha berilýär. Mukdar analiziniň kömegi bilen gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklarynyň metallurgiýa we himiýa senagatlary üçin ähmiýetine baha berilýär. 2. Aldegidler, molekulalarynyň gurluşy we atlandyrylyşy. Aldegidleriň alnyşy, fiziki we himiki häsiýetleri. Uglewodorod radikalyndan (ýa-da wodoroddan ) we aldegid toparyndan ybarat bolan organiki maddalara aldegidler diýilýär. Umumy formulasy: Atlandyrylyşy: Degişli alkanlaryň atlaryna –al goşulmasy goşulýar.H₂C=O metanal (formaldegid,garynja aldegidi), H₃C-HC=O etanal (asetaldegid,uksus aldegidi). Gurluşy Aldegid toparyndaky uglerod atomy sp² -gibridleşme ýagdaýynda bolup üç σ -baglanşygy we bir πbaglanşygy emele getirýär. Kislorod atomynyň güýçli elektrootrisatelligi sebäpli elektronlar şoňa tarap süýşendir,bu aldegidleriň aňsat okislenmegine getirýär.Ikili baglanşygyň bolanlygy üçin birleşme reaksiýalary mahsus. 3. Izomeriýasy Aldegidlere uglerod skeletiniň izomeriýasy mahsusdyr. Emele getirýän maddalaryndaky toparlara baglylykda klasara izomerleri hem bardyr. 4.Alnyşy 1)Spirtleriň okislenmegi C₂H₅OH+CuO→CH₃CH=O+H₂O+Cu 2)Digalogenalkanlaryň gidrolizi СH₃CHCl₂+H₂O→H₃C-C-H=O+2HCl 11 +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net 3)Kuçerowyň reaksiýasy boýunça asetileniň gidratasivasy H₂C≡CH₂+H₂O→CH₃CH=O Asetileniňgomologlaryn-dan ketonlar emele gelýärler. 4)Metanyň we eteniň okislenmegi СH₄+O₂→H₂C=O +H₂O СH₂=CH₂+[O]→СH₃CH=O Fiziki häsiýetleri Metanal(form-aldegid)-demikdiriji ysly,zäherli,reňksiz gaz.40%-li ergini formalin ady b-n bellidir.Etanal (uksus aldegidi) ýiti ysly,reňksiz,suwda oňat ereýän suwuklyk.Gaýnama temperaturasy 21⁰C. 3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele. 11-nji soragnama 1. Himiki reaksiýalaryň görnüşleri. Termohimiki we okislenme-gaýtarylma reaksiýalary. Himiki reaksiýalar - bu bir maddadan düzümi we gurluşy boýunça tapawutlanýan başga bir maddanyň emele gelme hadysasydyr. Himiki reaksiýalaryň görnüşleri: I.Reaksiýa gatnaşýan hem-de emele gelýän maddalaryň sanyna we düzümine görä geçýän himiki reaksiýalar II.Okislenme derejesiniň üýtgemegi bilen geçýän himiki reaksiýalar III.Ýylylygyň siňdirilmegi ýa-da bölünip çykmagy bilen geçýän himiki reaksiýalar. IV.Ugry boýunça- öwrülişikliligine baglylykda geçýän himiki reaksiýalar. V.Geçiş mehanizmi boýunça – baglanyşygyň üzülişine baglylykda geçýän himiki reaksiýalar. Himiki reaksiýalar ýylylygyň bölünip çykmagy ýa-da siňdirilmegi bilen geçýärler.Olaryň iki görnüşi bar: ekzotermik reaksiýalar. • Ekzotermiki reaksiýalary – ýylylygyň bölünip çykmagy bilen geçýän reaksiýalar. Endotermik reaksiýalar- ýylylygyň siňdirilmegi bilen geçýän reaksiýalar. Himiki reaksiýada siňdirilen ýa-da bölünip çykan ýylylygyň mukdaryna reaksiýanyň ýylylyk netijesi diýilýär. Şol siňdirilen ýa-da bölünip çykan ýylylygyň mukdaryny görkezmek ýazylan himiki deňlemelere termohimiki deňlemeler diýilýär. Maddanyň emele gelme ýylylygy diýlip, sada maddalardan 1mol mukdardaky maddanyň emele gelmeginde siňdirilýän ýa-da bölünip çykýan ýylylygyň mukdaryna aýdylýar. Meselem, suwuň sada maddalardan emele gelmeginiň termohimiki deňlemesi: 2H2 + O2= 2H2O + 571,6 kj 1mol mukdardaky suwuň emele gelmegi üçin alarys: H2 + 0,5O2= H2O + 285,8 kj diýmek,1mol mukdarda suwuň emele gelme ýylylygy 285,8 kj deňdir. 2. Ýokary molekulýar birleşmeleriň himiýasy barada umumy düşünjeler. Polimerler. Ýokary molekulýar birleşmeler diýip çylşyrymly himiki gurluşly 104-106 massanyň atom birligine deň molekulýar massaly birleşmelere aýdýarlar. ÝMB gurluş birligi makromolekulalar bolup, olar öz aralarynda kowalent himiki baglanşykly, köp sanly atomlaryň aýratyn toparlaryndan (elementar böleklerden) düzülen. ÝMB klassifikasiýasy Gelip çykyşy boýunça ÝMB üç topara bölýärler: tebigy, biosinteziň netijesinde emele gelen (mysal üçin, beloklar, nuklein kislotalary, polisaharidler) emeli, polimerleri himiki işläp taýýarlama netijesinde alýarlar. sintetiki, pes molekulýar birleşmelerden polimerizasiýa (polietilen) ýa-da polikondensasiýa reaksiýalarynyň kömegi bilen alýarlar (mysal üçin, kapron,)IX synpda alkenleri öwrenilende olara mahsus bolan himiki häsiýetleriniň biri polimerleşme reaksiýasy bolup, oňa etileniň mysalynda seredeliň:CH2 = CH2 + CH2 = CH2 + … → – CH2 – CH2 – + – CH2 – CH2 – + … → (– CH2 – CH2 –)n polietilen ýa-da nCH2 = CH2 → (– CH2 – CH2 –)n etilen polietilen Polimerleşme reaksiýasynyň netijesinde polimerler diýlip atlandyrylýan, ýokary molekulýar birleşmeler emele gelýär. Adatça ýokary molekulýar birleşmeleriň molekulýar massasy, şertleýin 5000-den ýokarydyr. Şonuň üçin hem polimerleriň molekulasy makromolekula diýlip atlandyrylýar. Polimerleri emele getirýän madda monomer diýilýär. Polimerleriň makromolekulasy birmeňzeş atomlar toparyndan düzülen bolup, polietileniň mysalyndan görnüşi ýaly olaryň n gezek gaýtalanmagydyr. Gaýtalanýan birmeňzeş atomlar toparyna gurluş zwenosy, n – bolsa san ululyk bolup, polimerleşmede näçe monomer molekulasynyň özara birleşendigini aňladýar we oňa polimerleşme derejesi hem diýilýär. Seredilen mysalda gurluş zwenosy – CH2 –CH2 – bolup, monomeri etilendir. Polimerleşme derejesi hem hemişelik ululyk bolman, ol polietilende 300-den 100 000 aralygyndadyr. Polimerleşme derejesi makromolekulanyň (M) we monomeriň (M0) molekulýar massalary bilen aşakdaky deňleme boýunça baglanyşýar: M = nM0 Polimerler diňe bir polimerleşme reaksiýasynyň netijesinde däl, eýsem polikondensasiýa täsirleşmesiniň esasynda hem alynýar. Ýurdumyzda durmuş maksatlary üçin zerur bolan polimer önümleri öndürýän zawod Daşoguz şäherinde ýerleşýär we ol 1988-nji ýylda işläp başlady. Zawodda öndürilýänönümlere hojalyk gap-gaçlary, haltalaryň dürli görnüşleri, polietilen plýonkasy we ş.m. degişlidir. Bir gezek ulanmak üçin niýetlenen dürli gap-gaçlar hem bu zawodda 12 +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net öndürilýän önümleriň sanawyna girýär. Ýurt Garaşsyzlygyny alanymyzdan soň Daşoguzyň polimiz zawodynda öndürilýän önümleriň görnüşi artdyryldy. 2007-nji ýylda zawodyň hünärmenleri tarapyndan dürli ölçegli polietilen turbalaryň öndürilip başlanmagy bilen ýurdumyzda zerur önümleriň ýene-de biriniň uly tapgyrly önümçiligi ýola goýuldy. Bu zawodda 2007-nji ýylyň ahyryna çenli 200 müň metr polipropilen turbalary öndürildi. Öňki döwürde zawoda çig mal daşary döwletlerden getirilýärdi.Häzirki wagtda bu zawodyň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň ýokary hilli çig maly bilen üpjün edýändigini bellemek gerek. Ýerli çig malyň esasynda öndürilýän, hili boýunça häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän polimer önümleri ýurdumyzyň dürli künjeklerine ugradylýar. 3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele. 12-nji soragnama 1. Kompleks birleşmeleriň umumy häsiýetnamasy. Käbir çylşyrymly maddalar beýleki bir çylşyrymly maddalar bilen reaksiýa girip, has çylşyrymly maddalary- kompleks birleşmeleri emele getirýärler. Kristal we ergin görnüşinde bolan, düzüminde çylşyrymly ionlary we molekulalary saklaýan birleşmelere kompleks ýa-da koordinasion birleşmeler diýilýär. Werneriň koordinasion teoriýasynyň esasy ýagdaýlary: • Kompleks emele getiriji: položitel okislenme derejeli metalyň atomy ýa-da iony. • Kompleks emele getirijiniň OD-si + ligandlaryň zarýadlarynyň jemi =kompleks bölejigiň zarýady. • Bu zarýad daşky sferanyň ionlary bilen kompensirlenýär. • Kompleks emele getiriji bilen ligandlaryň baglanyşygy daşky sferanyň ionlarynyň baglanyşygyndan has berkdir. • Kompleks emele getirijiniň koordinasion sany -içki sferadaky ligandlaryň sanyna deňdir. Ol adatça kompleks emele getirijiniň okislenme derejesiniň iki essesine deňdir. Kompleksiň gurluşyny kesgitleýär. Werneriň teoriýasy boýunça kompleks birleşmeleriň merkezinde adatça metalyň iony ýerleşýär. Ol merkezi ion ýa-da kompleks emele getiriji diýlip atlandyrylýar. Кompleks emele getiriji– öz daşynda başga ionlary ýa-da molekulalary koordinirleýän (ýerleşdirýän) bölejikdir (atom, ion ýa-da molekula) Adatça kompleks emele getiriji položitel zarýadlanýar. Özi hem d - element bolup, аmfoter häsiýetleri ýüze çykarýar. 2. Beloklar, olaryň düzümi, molekulalarynyň gurluşy. Fiziki we himiki häsiýetleri. Beloklar ýokary molekulýar massaly polipeptidlerdir. Olaryň massasy 100000-den onlarça millionlara çenlidir.Beloklaryň molekulalarynyň gurluşy we düzümi çylşyrymlydyr. Beloklar edil uglewodlar ýaly janly bedenlerimiziň esasy düzüm bölegidir. Beloklaryň düzümine uglerod , wodorod, kislorod we azot girýär. Mundan başga-da beloklaryň köpüsinde kükürt, fosfor, demir we beýleki elementler bardyr. Polipeptidlerde aminokislota galyndysy 100-den geçmeýär.Beloklarda aminokislota galyndysy 100-den ýokarydyr. Beloklaryň otnositel molekulýar massalary käbir ýagdaýlarda ýüzlerçe mlliona ýetýär.Meselem insulin belogynyň molekulýar massasy 6500, beden myşsasynyňky 150000, towuk ýumurtgasynyň belogy 36000, gripp wirusynyň belogi 320 mln . Beloklaryň aminokislota düzümi öwrenilende gidroliz usuly ulanylýar. Beloklaryň organizmde ýerine ýetirýän funksiýalary: 1. Gurluş funksiýasy, 2. Gorag funksiýasy, 3. Energetik funksiýa, 4. Katalitik funksiýa , 5. Transport funksiýa Beloklaryň alnyşy. Amfoter häsiýetli bolany sebäpli aminokislotalar özara täsirleşip polikondensasiýa reaksiýasynyň netijesinde peptitleri we beloklary emele getirýärler. Belok –bu α – aminokislotalardan düzülen birleşmedir. Beloklarda polipeptid zynjyry dört gurluşy emele getirýär. Belok denaturasiýasy. Belok denaturasiýasynyň sebäpleri: guýçli kislotalaryň we guýçli esaslaryň täsiri, duzlaryň agyr metallary, radiasiýa, gyzdyrma, guýçli silkme we başgalar sebap bolup biler. 3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele. 13-nji soragnama 1. Gomogen we geterogen sistemalarda reaksiýalaryň tizligi. Reaksiýalaryň tizliklerine täsir edýän şertler. Bolup geçýän himiki reaksiýalar erginlerde ýa-da gaz halyndaky maddalaryň arasynda geçýän bolsa, oňa gomogen reaksiýalar diýilýär. Eger-de özara täsirleşmeler dürli agregat ýagdaýyndaky maddalaryň arasynda geçýän bolsa , oňa geterogen reaksiýalar diýilýär. Gomogen reaksiýalaryň tizligiaşakdaky formula bilen kesgitlenýär: Reaksiýanyň tizligine tasir edýän şertler: • 1. reaksiýa girýän maddalaryň tebigaty (maddadaky himiki baglanyşyklaryň berkligi) Himiki reaksiýa –atomlaryň arasyndaky himiki baglanyşyklaryň üzülip, taze baglanyşyklaryň emele gelmegi netijesinde, täze maddalaryň emele gelmegidir. Maddadaky himiki baglanyşyk näçe berk boldugyça, ol madda reaksiýa şonça-da kyn girýär. 13 +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net Temperaturanyň täsiri (işjeňleşme energiýasy): • temperaturanyň artmagy bilen köp himiki reaksiýalaryň tizligi artýar. 273-373 gradus kelwin temperatura aralygynda geçýän reaksiýalar üçin Want-Goffyň kanuny kabul edilendir: “ temperatura her 10 gradus artanda reaksiýanyň tizligi 2-4 esse artýar “. • Katalizator: Katalizator – reaksiýa girýän maddalar bilen aralyk birleşmeleri emele getirip, himiki reaksiýanyň işjeňleşme energiýasyny peseldýän, aralyk reagentdir. Reaksiýanyň tizligini artdyryp , ýöne özi reaksiýada harçlanmaýan maddalara katalizator diýilýär. Katalizatoryň esasy funksiýasy –reaksiýa girýän maddalar bilen has işjeň (reaksion-ukuply) aralyk birleşmeleri ýa-da kompleksleri emele getirip,reaksiýanyň işjeňlik energiýasyny peselymek we netijede realsiýanyň tizligini artdyrmakdyr. • Ingibitor Ingibitor – dürli himiki reaksiýalary: okislenme, polimerleşme, metallaryň korroziýasy we ş.m. haýalladýan ýa-da geçmeginiň öňüni alýan maddadyr. Meselem: gidrohinon – benzaldegidiň okislenmeginiň, tehnesiý metallaryň korroziýasynyň öňüni almak üçin ingibitordyr. Ingibitoryň esasy funksiýasy –başlangyç maddalar bilen işjeňligi pes bolan birleşmeleri emele getirip, himiki reaksiýanyň işjeňleşme energiýasyny artdyrmakdyr. • Konsentrasiýa 1864—1867 ý. K. Guldberg we P. Waageniň kanuny boýunça, maddalaryň biri-biri bilen reaksiýa girmeginiň tizligi ,olaryň konsentrasiýasyna baglydyr. Bu kanun dürli hasaplamalar geçirilende ulanylýar. Berlen maddalaryň konsentrasiýalary boýunça, özakymlaýyn geçýän reaksiýanyň ugruny, önümiň çykymyny kesgitläp bolýar. 2. Alkadienler, molekulalarynyň gurluşy we atlandyrylyşy. Alkadienleriň alnyşy, fiziki we himiki häsiýetleri. 1.Umumy formulasy CnH2n-2 bolan, düzüminde iki sany ikili baglanyşygy bolan has doýgun däl uglewodorodlara alkadiýenler diýilýär. 2. Ikili baglanyşygyň uglewodorod zynjyrynda ýerleşişine görä alkadiýenler üç topara bölünýärler: a) kummulirlenen (jemlenen) alkadiýenler. Bularda Ikili baglanyşyklar yzygiderli ýerleşýärler. Mes: СH₂=С=СH₂ propadiýen 1,2 b) Soprýažýon(dartyşýan) diýenlerde ikili baglanyşyklar ýönekeý baglanyşyklar bilen gezekleşip gelýärler. Meselem: СH₂=СH—СH=СH₂ butadiýen 1,3 ç) izolirlenen diýenler.Bu diýenlerde ikili baglanyşyklar birnäçe ýönekeý baglanyşyklar bilen izolirlenendir.Meselem: СH₂=СH--СH₂--СH₂--СH=СH₂ 3.Alkadienler atlandyrlanda degişli alkanlaryň –“n” goşulmasynyň ýerine –dien goşulmasy goşulýar,propadien,butadien1,2, butadien-1,3 san bilen ikili baglanyşygyň ýerleşişi görkezilýär. 4.Alkadiýenleriň izomeriýasy we atlandyrylyşy: Alkadiýenleriň alnyş usullary: 1)Spirtleriň degidratasiýasy(S.W.Lebedewiň usuly 1927 –nji ýyl.). 2СH₃-СH₂OH → СH₂=CH-CH=СH₂+2H₂O+H₂↑ 2)Alkanlaryň, alkenleriň degidrirleme reaksiýalary C₄H₁₀→H₂С=CH-CH=СH₂+2H₂↑ 3)СH2–СH—СH2СH₂→ H₂С=CH-CH=СH₂+H₂↑ 4)H₂С=C --CH—СH3→H₂С=C --CH—СH2+H₂↑ СH₃СH₃ 1.Alkadiýenleriň fiziki häsiýetleri. 1,3-dienler reňksiz birleşmeler.Gomologik hataryň ilkinji wekilleri gaz ýa-da pes gaýnama temperaturaly suwuklykdyr. 3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele. 14-nji soragnama 1. Metal dälleriň umumy häsiýetnamasy. Metal dälleriň okislendiriji-gaýtaryjy häsiýetleri. Metal dälleriň himiki hasiýetleri dürlidir. Olar: a)metallar, b) metal däller ç)çylsyrymly maddalar bilen reaksiýa girip bilýärler. 2Na+S→Na₂S S+O₂→SO₂ 2SO₂+O→2SO₃ Okislenme häsiýeti agdyklyk edýär: 1. Metal dälleriň okislendiriji häsiýeti. 14 +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net Metal dälleriň okislendiriji ukyby otnositel elektrootrisatelligiň bahasyna bagly üýtgeýär. Okislendirijilik ukybynyň artýan tertibinde käbir metal dälleri aşakdaky hatar boýunça ýerleşdirmek bolar: Si, B, H, P, C, S, J, N, Cl, O, F okislendiriji ukyby ýokarlanýar Galogenler we kislorod käbir metal däller hem-de metallar bilen täsirleşmelerinde okislendiriji häsiýeti ýüze çykarýarlar. Meselem: H02+F02= 2H+FXe0+ 2F02= Xe+4F-4 2Fe0+3Cl 02=Fe+3Cl-13 4P0+ 5O 02=2P+52 O-25 4Al0+ 3O02= 2Al+32 O-23 Metal däller käbir çylşyrymly maddalar bilen täsirleşip hem okislendiriji häsiýeti ýüze çykarýarlar. Meselem: 2F02+2H+12 O-2= 4H+1F-1 + O-22 0 Cl02+ 2Na+1J-1= 2Na+1Cl-1+J 02 Ftor iň güýçli metal däl häsiýete eýedir.Ol electron bermäge ukyply däl.Şonuň üçin ftor himiki täsirleşmelerde gaýtaryjy häsiýeti ýüze çykarmaýar. Kislorod ftor bilen birleşmelerinde položitel okislenme derejelerini ýüze çykarýar. Olara kislorodyň ftoridi OF2 we ftoruň perftoridi O2F2 degişlidir. Kislorod ftoridinde +2, perftoridinde +1 okislenme derejelerini ýüze çykarýar. Beýleki metal däller hem gaýtaryjy häsiýetini ýüze çykarýarlar. Gaýtaryjylyk ukybynyň artýan tertibinde metal dälleri aşakdaky hatar boýunça ýerleşdirmek bolar: O, Cl, N, J, S, C, S, P, H, B, Si, gaýtaryjy ukyby ýokarlanýar Azot we kükürt kesgitli şertlerde kislorod bilen täsirleşip,gaýtaryjy häsiýeti ýüze çykarýarlar: N02 + O02= 2N+2O-2 S0+O0₂→S+4O-2₂ Metal däller käbir çylşyrymly maddalar bilen täsirleşmelerinde hem gaýtaryjy häsiýeti ýüze çykarýarlar. Meselem: C0 + Cu+2O-2= Cu 0 +C+2O-2 0 6P + 5K+1Cl+5O-23= 5K+1Cl-1 + 3P+52 O-25 2. Uglewodlar. Uglewodlaryň toparlara bölünişi. Glýukoza. Molekulasynyň gurluşy, himiki häsiýetleri . Uglewodlar - umumy formulasy Cx(H2O)y,bolan maddalar, x we y – natural sanlar. «Uglewodlar» ady – olaryň düzüminde edil suwuňky ýaly wodorod we кislorod şol bir gatnaşykda bolýar. Uglewodlar tebigy organiki maddalardyr.Olar ähli janly organizmleriň öýjükleriniň we dokumalarynyň düzümine girýär. Ösümlikleriň gury galyndylarynyň 70-80%-I uglewodlardyr.Haýwanlarda gury agramy boýunça uglewodlaryň mukdary 2%-e çenlidir, özi hem olaryň esasy massasy bagyrda we myşsalarda glikogen polisaharidi görnüşindedir. Uglewodlar adam we haýwan bedeni üçin energiýa berýän iýmit maddasy bolup hyzmat edýär. 1837-nji ýylda şwed himigi Ýa. Berselius glýukozanyň formulasyny hödürledi. Uglewodlary üç sany uly topara bölýärler: 1. Monosaharidler. Gidroliz edilende ýönekeý uglewodlary emele getirmeýän uglewodlara monosaharidler diýilýär. 2.Oligosaharidler.Bular köp bolmadyk monosaharidlerden emele gelen önümlerdir.Birmeňzeş monosaharid galyndylaryndan emele gelen oligosaharidlere gomooligosaharidler,dürli monosaharid galyndylaryndan emele gelen oligosaharidlere geterooligosaharidler diýilýär.Oligosaharidler öz gezeginde disaharidlere,trisaharidlere,tetrasaharidlere we ş.m. bölünýärler. 3.Polisaharidler.Bular köp sanly monosaharid molekulalaryndan emele gelen birleşmelerdir. 3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele. 15-nji soragnama 1 Walentlilik. Elementleriň atomlarynyň walent mümkinçilikleri. 1.Walentlilik näme? Walentlilik düşünjesini iňlis himigi E. Franklend 1852 –nji ýylda ylma girizdi: Berlen elementiň atomlarynyň başga bir elementiň atomlarynyň belli bir sanyny özüne birleşdirmek häsiýetine walentlilik diýilýär. 2.Walentliligiň birligi – wodorodyň walentliligi. 15 +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net Walentliligiň birligi deregine wodorodyň walentliligi kabul edilendir, sebäbi , wodorod başga elementiň atomlary bilen birleşende , başga elementiň diňe bir atomy wodorodyň dürli sanly atomlary bilen birleşmeler emele getirýär: HÇl, H2O, H2S, HBr, NH3, ÇH4, we ş.m. Wodorodyň walentliligi birlik deregine kabul edilip, beýleki elementiň walenttliligi wodorodyň sany boýunça kesgitlenýär. Walentlilik elementiň belgisiniň ýokarsynda rim sifrleri bilen belgilenýär. Diýmek ýokardaky formulalarda walentlilikler: I I I II I II I I III I IVI H Cl, H2O, H2S, H Br, N H3, C H4 3 Walentliligi boýunça elementleriň toparlary. Walentlilikleri boýunça elementler iki topara bölünýärler : Hemişelik walentliler we üýtgeýän walentliler: Walentlilik Himiki elementler Bellik I H,Na, K, Li, Rb Hemişelik walentlilikli II Be,Ca, Mg, Zn elementler III Al, B I we II Cu Üýtgeýän walentlilikli II we III Fe, Co, Ni elementler. III we IV Sn, Pb, C III we V P II, III we VI Cr II, IV we VI S 4.Formula berlende walentliligi kesgitlemek Eger iki elementden ybarat bolan maddadaky bir elementiň walentliligi berlen bolsa, ikinjini aşakdaky usul bilen hasaplap bolýar: Meselem, Alýuminiý oksidinde alýumininiň walentliligini kesgitlemeli: Al2O3 formulada kislorodyň walentliligi ikä deňdir. Alýumininiň walentliligini X diýip , deňleme düzýäris we walentliligi kesgitleýäris: 2X=2•3; X=3 Jogaby :alýuminiý III walentlidir. 2. Aldegidler, molekulalarynyň gurluşy we atlandyrylyşy. Aldegidleriň alnyşy, fiziki we himiki häsiýetleri. Aldegidleriň himiki häsiýetleri molekulalarynyň düzümine polýar ikili baglanyşygyň girmegi bilen kesgitlenilýär. Olar himiki taýdan işjeň birleşmelerdir. Aldegidler üçin häsiýetli täsirleşme birleşme täsirleşmesidir. Aldegidleriň iň işjeňi formaldegiddir. Birleşme täsirleşmeleriniň esasylary: 1.Wodorodyň birleşmesi (gaýtarylma). Aldegidler katalizatoryň gatnaşmagynda wodorody birleşdirip birlenji spirtleri emele getirýärler. 2.Sianlywodorodyň birleşmegi: Gidrosulfitleriň birleşmegi: 1.Grinýaryň reaktiwiniň birleşmegi. 2.Okislenme täsirleşmesi. 3.Kümüş-aýna täsirleşmesi. Kümüş oksidiniň ammiakly ergini bilen aldegidleriň okislenmegine “kümüş-aýna” täsirleşmesi diýilýär. a) Aldegidleri mis (II) gidroksidi bilen hem okislendirýärler. Netijede, Cu(OH)2 sary mis (I) gidroksidine öwrülýär, ol bolsa gyzdyrylanda gyzyl reňkli mis (I) oksidine dargaýar: Şu täsirleşme we “kümüş-aýna” täsirleşmesi aldegidler üçin hil täsirleşmesi bolup hyzmat edýär. 3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele. 16-njy soragnama 1. Kristal gözenekler we olaryň görnüşleri. Molekulýar gurluşly maddalar geçilende molekulýar däl gurluşly maddalaryň hem bardygy ýatlanylypdy. Şol maddalaryň gurluşyn seredeliň. Eger-de minerallar ýa-da köp sanly beýleki gaty maddalar owradylsa, kesgitli görnüşdäki ownujak bölejikler alynýar. Olar ýaly maddalara kristal maddalar diýilýär. 16 +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net Käbir gaty maddalar (mysal üçin, aýna) owradylanda kesgitli görnüşi bolmadyk owuntyklar alynýar. Olar ýaly maddalara amorf maddalar diýilýär. Gaty maddalaryň bular ýaly häsiýetleri olaryň gurluşyna baglydyr. Ýagny kristal maddalardaky atomlar dürli gatlarda bolup, olar bir tekizlik- de ýakyn, beýleki tekizlikde bolsa daş aralykda ýerleşendirler. Kristal maddalarda ionlar, atomlar ýa-da molekulalar kesgitli aralykda, berk tertipde ýerleşendirler. Bölejikleriň kristallarda şolar ýaly yzygider ýerleşmegi gözenegi ýada salýar. Şonuň üçin hem olara kristal gözenekler diýilýär. Kristal gözenekleriň birnäçe görnüşleri bolup, olar gözenegiň düwünlerinde haýsy bölejigiň ýerleşendigine baglydyr. Ýagny olar ion, atom we molekulýar kristal gözeneklerdir. Kristal maddalardan tapawutlylykda amorf maddalarda bölejikleriň yzygider ýerleşişine gözegçilikedipbolmaýar. Ion kristal gözenekler ion birleşmeler üçin häsiýetlidir. Gözenegiň düwünlerinde garşylykly zarýadlanan ionlar bolup,oňa nahar duzunyň kristal gözenegini mysal getirmek bolar. Görnüşi ýaly, gözenegiň düwünlerinde natriý we hlorid ionlary ýerleşendir. Bu ionlar biri-birinden deň daşlykda ýerleşip, kub görnüşli kristallary emele getirýärler. Şeýlelikde, nahar duzunda natriý hloridiniň aýratyn molekulasy ýüze çykmaýar, kristalyň özi äpet molekula hökmünde kabul edilýär. Beýleki duzlaryň hem köpüsi şuňa meňzeşdir. Atom kristal gözenekler düwünlerinde özara kowalent baglanyşykly aýratyn atomlar ýerleşen kristal gözeneklerdir. Özi hem atomlar giňişlikde dürli ýagdaýda ýerleşip, dürli görnüşdäki kristallary emele getirip bilýärler. Mysal üçin, almazda hem-de grafitde gözenegiň düwünlerinde uglerod atomy bolup, dürli gömüşde ýerleşeni üçin, almazyň kristaly oktaedr, grafitiňki bolsa prizma görnüşindedir. Molekulýar kristal gözenekler düwünlerinde polýar we polýar däl molekulalar ýerleşen kristal gözeneklerdir. Mysal üçin, temperatura -219°S-dan pes ýagdaýda kislorodyň kristal gözenekleriniň düwünlerinde kislorodyň (O2) polýar däl molekulasy ýerleşýär. Temperatura -144°S--dan pes bolanda, gaty hlorwodorodyň (HC1) kristal gözenekleriniň düwünlerinde polýar molekula ýerleşýär. Molekulalar hem atomlar ýaly, giňişlikde dürli görnüşde ýerleşip, dürli gömüşli kristallary emele getirip bilerler. Metal kristal gözenegi. Gözenegiñ düwünleinde aralarynda metal baglanşygy bolan aýratynlykda metallaryñ atomlarynyñ ýa-da položitel ionlarynyñ ýerleşmegi bilen emele gelen kristallik gözenekler.Bu gözenekli maddalara metal ýalpyldysy,oňat ýylylyk we elektrik gecirijilik mahsus.M.ü. alyuminiy, altyn, metallary. Metal kristal gözenekleriň görnüşleri: 1.Göwrüme merkezleşen kub görnüşli 2. Granlaryna merkezleşen kub görnüşli 3.Geksagonal kristal gözenegi. Maddanyň gurluşynyň we onuň häsiýetleriniň arasyndaky arabaglanyşygy, berlen maddanyň gurluşynyň üsti bilen kesgitlemegiň mümkindigini belläpdik. Hakykatda hem, şeýle kanunalaýyklyk bar. Ýagny maddalaryň gurluşy belli bolsa, onda olaryň häsiýetini öňünden kesgitlemek bolar. Eger-de maddalaryň häsiýeti belli bolsa, onda olaryň gurluşyny kesgitlemek bolar. Mysal üçin, NaClyň we HCl-yň kristal gözeneklerini ýatlalyň. Natriýhloridiniň Kristal gözeneklerinde natriý (Na+) we hlor (Cl-) ionlary ýerleşen.Olaryň arasynda elektrostatik gartylma güýji täsir edýär. Nahar duzuny eretmek üçin şol uly güýji ýeňip geçmeli. Onda nahar duzunyň ereme temperaturasy ýokary bolmalydyr. Hlorwodorodyň kristallarynda bolsa HCl-yň polýar molekulasy ýerleşip, olaryň arasyndaky dartyşma güýji ionlaryňkydan kiçidir. Şonuň üçin hem onuň ereme temperaturasy nahar duzunyňkydan has pesdir. Ion gözenekli maddalara ýeterlik ýokary ereme temperaturasy mahsus.Eredijileriñ täsirinde gözenek bozulýar. M.ü.kaliý hloridi,natriý gidroksidi. 2. Nebit, onuň düzümi we häsiýetleri. Nebitiň gaýtadan işlenilişi. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanda nebiti gaýtadan işleýän senagatyň ösüşi.Türkmenbaşy we Seýdi şäherleriniň nebiti gaýtadan işleýän kärhanalary. 1.Nebit gatlagy ýeriň jümmüşinde dürli çuňlukda 3-5km ýerleşýär. Ol ýeriň aşagyndaky boş ýerleri doldurýar. Eger-de nebit gaz basyşy astynda saklanýan bolsa , onda ýeriň üstüne guýular arkaly çykarylýar. Biziň ýurdumyz nebite baýdyr we häzirki hasaplamalara görä 12 mlrd tonnadan gowrak möçberde gory bardyr. Biziň ýurdumyzda nebitiň esasy çykarylýan ýerleri Balkan welaýatynda Goturdepe, Barsagelmez, Gamyşlyja, Gögerendag, Gumdag esasy ojaklarydyr.Häzirki wagtda Hazar deňziniň astyndan-da köp mukdarda nebit alynýar. 2. Nebitiň fiziki häsiýetleri.Nebit garamtyl goňur reňkden gara reňke çenli , özboluşly ysly, ýagjymak, suwdan ýeňil suwuklykdyr. Onuň dykyzlygy 0,73-0,97g/ml .Nebit uglewodorodlaryň garyndysydyr, şonuň üçin onuň belli bir gaýnama temperaturasy ýokdur. 3 . Nebitiň düzümi. Azerbaýjanyň nebiti halkaly parafinlere baý, doýan uglewodorodlar az.Biziň ýurdumyzda çykýan nebit parafin naftenlere baýdyr. 3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele. 17-nji soragnama 1. Ýadro reaksiýalary barada umumy düşünjeler. α, β we γ – şöhlelenmeler. 1.Radioaktiwlik hadysasy 17 +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net +99362 56 12 82 Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar Jogaplar üçin www.Kitaphana.net +99361 63 30 35 1895-nji ýylda fransuz alymy Bekkerel radioaktiwlik hadysasyny açdy. 1911-nji ýylda Rezerford atomlaryň gurluşyny kesgitleýän tejribe geçirdi. Şol tejribede radioaktiw atomdan bölünip çykan şöhleleriň görnüşleri : α,ß,γ- şöhleler. 2.Şöhlelenmeleriň görnüşleri. Rradioaktiw maddadan şöhläniň çykmagyna şöhlelenme diýilýär. şöhlelenmäniň üç görnüşi bar: α,ß,γ-şöhlelenmeler. α –şöhlelenmede atom iki zarýad we 4 massa ýitirýär. ß –şöhlelenmede zarýad bir birlik artýar, massa üýtgemeýär. γ-şöhlelenmede zarýad we massa üýtgemeýär,ol ß –şöhlelenme bilen birlikde geçýär.. 3.Ýadro reaksiýalary (kesgitleme).Elementar bölejikleriň ýa-da ýadro bilen özara täsiri netijesinde bir elementiň atomlaryndan başga elementiň atomlarynyň emele gelmegi bilen geçýän reaksiýalara ýadro reaksiýalary diýilýär. 4.Ýadro reaksiýasynda emele gelýän bölejikleriň görnüşleri: α- geliý atomynyň ýadrosy 24He. -ß- ýeňil elektronlaryň akymy. 1 0 n-neýtron 1 1 p-proton +1ß-pozitron 5 Ýadro reaksiýalaryna mysallar. Ýadro reaksiýalary has agyr ýadrolary ýeňil ýadrolar ýa-da elementar bölejikler bilen güýçli çaknyşdyrmak arkaly amala aşyrylýar.Meselem . Berilliniň we azodyň gatnaşmagynda ýadro reaksiýalarynyň deňlemelerini aşakdaky ýaly ýzyp bolýar. 9 4 12 1 4 Be + 2 He = 6 C + 0 n 14 7 N + 4 2 He = 17 8 O + 1 1 p 14 N + 01n =614C + 11p Häzirki wagtda ýadro reaksiýalary giňden ulanylýar.Bu reaksiýalaryň netijesinde käbir himiki elementleriň tebigatda seýrek duş gelýän izotoplary açyldy. Täze himiki elementleri açmakda-da ýadro reaksiýalarynyň ähmiýeti uludyr Atomlarynyň elektron gurluşlaryna laýyklykda emeli usul bilen alnan himiki elementleriň belgileri periodik sistemada ýerleşdirilýär. Tehnesiý emeli usul bilen alnan himiki elementleriň ilkinjisidir. Ol 1937-nji ýylda molibdeni deýtronlar bilen şöhlelendirmek arkaly alyndy. Ýadro reaksiýasynyň deňlemesi: 9842Mo+ 21H =4399Tc +10n Inert elementleriň toparçasyna degişli element astat 1940-njy ýylda wismuty α bölejikler bilen şöhlelendirmek arkaly alyndy.Ýadro reaksiýasynyň deňlemesi: 209 Bi +24He =85211At + 201n 83 Atom elektrik stansiýalaryň işi zynjyrly reaksiýalaryň netijesidir. Zynjyrly reaksiýalarda örän köp mukdarda ýylylyk bölünip çykýar.Atom elektrik stansiýalarynda ol ýylylygyň kömegi bilen suwy gaýnadyp bug alýarlar. Bug turbinalary aýlaýar, olar bolsa elektro generatorlary aýlaýar . şeýdip atomyň energiýasy elektrik energiýa öwrülýär. Häzirki wagtda ýadro ýaragy adamzada uly howpsalýar. Atom bombasynyň ýarylmagy netijesinde diňe bir jaýlar ýurulman eýsem ,ondan bölünip çykýan şöhleler örän köp wagt geçse-de adamyň saglygyna zyýan ýetirýär. 2. Karbon kislotalary we olaryň toparlary. Bir esasly doýgun karbon kislotalarynyň häsiýetleri.1. Karbon kislotalarynyň fiziki häsiýetleri. Gomologik hataryň pes wekilleri ýiti ysly,suwda oňat ereýän suwuklyklardyr.Molekulýar massanyň artmagy b-n suwda ereýjilik peselýär.Ýokary kislotalar yssyz,suwda eremeýän gaty maddalardyr. 2. Bir esasly doýan karbonmineral kislotalaryň ähli häsiýetlerini ýüze çykarýarlar Işjeň metallar b-n reaksiýa girip, duz emele getirýärler: CH₃COOH+Mg→(CH₃COO)₂Mg+H₂ Aşgarlar b-n reaksiýa girip, duz we suw emele getirýärler. CH₃COOH+NaOH→CH₃COONa+H₂O Gowşak kislotalaryň duzlary b-n bilen reaksiýa girip, täze duz we täze kislota emele getirýärler 2CH₃COOH+Na₂CO₃→CH₃COONa+H₂O+CO₂ Spirtler b-n CH₃COOH+C₂H₅OH→CH₃COOC₂H₅+H₂O Esas oksidleri b-nreaksiýa girip, duz we suw emele getirýärler. CH₃COOH+MgO→(CH₃COO)₂Mg+H₂O Galogenler b-n oru tutma reaksiýa radikalda bolup geçýär CH₃COOH+Cl₂→CH₂ClCOOH+HCl 7 18 +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net Garynja kislotasynyň özboluşlylygy garynja kislotasy düzüminde kislota we aldegid toparlaryny saklaýandygy sebäpli ,ol hem kislotalara , hem aldegidlere mahsus bolan reaksiýalara girýär. HCOOH+Ag₂O→H₂O+2Ag+CO₂ HCOOH→H₂O+CO 3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele. 18-nji soragnama 1. Himiki deňagramlylyk. Himiki deňagramlylygyň süýşmegine täsir edýän şertler. Le-Şatelýeniň düzgüni. Himiki deňagramlylyk. Şol bir wagtda göni we tersine geçýän reaksiýalara öwrülişikli reaksiýalar diýilýär. Himiki deñagramlylyk-göni we tersine geçýän reaksiýalaryñ tizlikleriniñ deñleşen ýagdaýy V₁=V₂ Le-Şatelýeniň (1885) düzgüni: Eger-de himiki deňagramlylyk ýagdaýyndaky sistema daşyndan täsir edilse (konsentrasiýa,temperatura,basyş) onda deñagramlylyk, bu täsiriň gowşamagyna ýardam berjek tarapyna süýşýär. 1.Temperaturanyň täsiri: Ekzotermiki reaksiýalarda temperatura ýokarlandyrlanda deňagagramlylyk çepe(baslangyç maddalaryñ azalýan tarapyna), endotermiki reaksiýalarda saga süýşýär.Şonuñ üçin ekzotermik reaksiýalary pes temperaturalarda geçirmek gerekdir (emma has pes temperaturalarda reaksiýanyñ tizligi peselip,onuñ geçmezligi mümkin,şonuñ üçin optimal temperatura saýlanylýar). Öwrülişikli endotermik reaksiýalary deñagramlylygyñ saga süýşmegi üçin ýokary temperaturalarda geçirmeli. 2.Başysyň täsiri - (diňe gaz halyndaky maddalaryň reaksiýalaryna degişli). Basyşyň üýtgemegi göwrümiñ üýtgemegine getirýär. Basyş ýokarlansa, göwrüm kiçeler. Basyş ýokarlandyrlanda deňagramlylyk göwrümiň kiçelýän tarapyna süýşýär. 3.Konsentrasiýanyñ täsiri: Haýsy hem bolsa bir maddanyñ mukdarynyñ azalmagy, himiki deñagramlylygy şol maddanyñ emele gelýän tarapyna süýşürer. Katalizatorlar-göni we öwrülişikli geçýän reaksiýalaryñ tizligine deñ täsir edýärler, şonuñ üçin deñagramlylyga täsir etmändiňe onuñ ýetilmegini tizleşdirýärler. 2. Ýaglar, molekulalarynyň gurluşy, fiziki we himiki häsiýetleri. Tebigatda ýaglaryň ähmiýeti. 1779-njy ýylda K.Şeýele gurşun oksidiniň gatnaşmagynda ýaglary aşgar bilen täsirleşdirip, ýaglary alypdyr. Fransuz himigi E. Şewrel bolsa, aşgar gurşawda suw bilen ýaglary gyzdyryp, gliserin we karbon kislotalaryny alypdyr. 1854-nji ýylda fransuz himigi M. Bertlo gliserinden we ýokary karbon kislotalaryndan ýaglary sintezläpdir. 2.Gaty ýaglaryň düzümine esasan doýan karbon kislotalarynyň galyndylary girýär: C15H31COOH-palmitin kislotasy, C17H35COOH-stearin kislotasy. Suwuk ýaglaryň düzümine doýmadyk karbon kislotalary girýärler: C17H33COOH-olein kislotasy, C17H31COOH- linol kislotasy, C17H29COOH- linolen kislotasy. Tebigy ýaglaryň düzümine dürli karbon kislotalary girýärlerMeselem , oliwka ýagynyň düzüminde 80% olein kislotasy bardyr. 3.Ýaglaryň fiziki häsiýetleri Ähli ýaglar suwdan ýeňil we suwda eremeýärler.Ýaglar organiki eredijilerde ereýärler.Agragat ýagdaýy-gaty we suwuk ýaglatr bardyr. 4.Ýaglaryň himiki häsiýetleri Ýaglaryň esasy himiki häsiýetleriniň biri çylşyrymly efirlere mahsus bolan gidroliz reaksiýalarydyr. Suwuk ýaglary gaty ýaga öwürmek üçin olary gidrirlrýärler. 5.Ýaglaryň ähmiýeti. Ýaglar biologic ähmiýetli maddalaryň hataryna girýärler.Olar esasan iýmitiň düzümine girip, energiýa çeşmesi bolup hyzmat edýärler. Bedende ýaglar suwa we kömürturşy gazyna dargap, köp mukdarda ýylylyk bölüp çykarýarlar. 1 gram ýag darganda 9,3 kkal energiýa bölünip çykýar.Ol bolsa uglewodlaryň we beloklaryň bölüp çykarýan energiýasyndan köpdür. 3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele. 19-njy soragnama 1. Himiki baglanyşyklaryň görnüşleri. Kowalent baglanyşygy. Atomyň gurluşy baradaky öwrenen düşünjeleriňize laýyklykda, elementler metallara we metal dällere degişli bolup, himiki täsirleşmede olaryň atomlary elektronlary bermek ýa-da özüne birikdirmek häsiýetine eýedir. Ýagny atomy aňsatlyk bilen elektrony berýän elementler, metal 19 +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net häsiýetini has güýçli ýüze çykarýan elementlerdir. Tersine, atomy elektronlary özüne çekmäge ukyply elementler bolsa, metal däl häsiýetini güýçli ýüze çykarýan elementlerdir. D. I. Mendeleýewiň periodik ulgamynda periodlarda çepden saga metal däl häsiýet güýçlenýär. Ýagny periodyň başyndaky elementleriň atomlary, özleriniň walent elektronlaryny aňsatlyk bilen berip, metal häsiýeti güýçli ýüze çykarýarlar. Periodyň orta çägindäki elementleriň atomlary özleriniň walent elektronlaryny kynlyk bilen berip, olaryň oksidleri we gidroksidleri amfoter häsiýeti ýüze çykarýarlar. Periodyň ahyryndaky elementleriň atomlary bolsa, elektronlary güýçli birleşdirip (özüne çekip), metal däl häsiýeti güýçli ýüze çykarýarlar.Netijede himiki baglanyşyk emele gelýär. 2. Himiki baglanyşyklaryň esasy 4 görnüşi bardyr:1. Kowalent baglanyşygy. 2. Ion baglanyşygy 3.Wodorod baglanyşygy 4. Metal baglanyşygy. 3.Himiki baglanyşygyň görnüşleriniň biri, baglanyşyga gatnaşýan elementleriň atomlarynyň elektron jübütleriniň emele getirýän baglanyşygy, ýagny kowalent baglanyşykdyr. Şeýlelikde, umumy elektron jübütleriniň emele gelmegi netijesinde ýüze çykýan himiki baglanyşyga kowalent baglanyşyk diýilýär. Mysal üçin, wodorodyň atomlaryndan onuň molekulasynyň emele gelşi: H • + • H →H : H H· + ·Cl : → H→: Cl: ýa-da Hδ+ ClδElektrootrisatellikleri has güýçli tapawutlanýan elementleriň atomlary özara täsirleşende başga gömüşli baglanyşyk emele gelýär. Sebäbi bu ýagdaýda baglanyşyga gatnaşýan elektronlaryň elektrootrisatelligi pes atomdan elektrootrisatelligi ýokary atoma tarap doly süýşmegi bolup geçýär. Özüniň walent elektronlaryny doly diýen ýaly berýän atom položitel zarýadly iona, şol elektronlary birikdirýän atom bolsa otrisatel zarýadly iona öwrülýär. Diýmek, ionlar -elektronlaryny berip ýa-da kabul edip, atomlaryň öwrülýän zarýadly bölejikleridir. Na· + · Cl: → Na [ :Cl:] 2. Aromatik uglewodorodlar. Benzol, molekulasynyň gurluşy, alnyşy we häsiýetleri. Umumy formulasy,atlandyrlyşy Arenler bu molekulalarynda bir ýa-da birnäçe benzol halkalaryny saklaýan uglewodorod birleşmeleri. Umumy formulasy: CnH₂n-₆ýönekeý wekili benzol C₆H₆. Molekulasynda uglerod atomlary sp² gibrid ýagdaýynda. Bir tekizlikde ýerleşýän her bir uglerod atomy beýleki iki uglerod atomlary we bir wodorod atomy bilen σ-baglanşyklaryň arasyndaky walent burçlar -120⁰ deňdir. Ähli alty uglerod atomlary bir tekizlikde ýerleşip dogry altyburçluk emele getirýärler. Benzolyň gurluşynyň we häsiýetleriniň aýratynlygyny diňe himiki baglanyşyklaryň häzirki zaman kwant mehaniki teoriýalarynyň kömegi bilen düşündirmek başartdy. Benzolyň molekulasyndaky 6 uglerod atomlarynyň ählisi SP2- gibrid ýagdaýyndadyr. Bir tekizlikde ýerleşýän her bir uglerod atomy beýleki iki uglerod atomlary we bir wodorod atomy bilen sigma baglanyşyk emele getirýärler.Üç sigms baglanyşyklaryň arasyndaky walent burçlar 120º deňdir. Şeýlelekde ähli uglerod atomlary bir tekizlikde ýerleşip, dogry altyburçluk emele getirýärler. Her bir uglerod atomynda bir sany gibridleşmedik P elektrony bar. bu elektron bulutlar sigms skelete perpendikulýar, we bir-birlerine parallel tekizlikde ýerleşýärler. Ähli P elektron bulutlary özara täsirleşip, adaty ikili baglanyşyklardaky ýaly bütewi p elektron buludyny emele getirýän, jübütleşmedik Pi baglanyşyklary emele getirýärler. Şeýlelikde benzolyň molekulasynda aýlawly soprýaženiýe döreýär.Pi elektron dykyzlygyň köp bölegi sigma skeletiniň aşagynda we ýokarsynda ýerleşýär. Netijede benzol molekulasyndaky uglerod atomlarynyň arasyndaky ähli baglanyşyklar deňleşýär. ol 0,139 nm-e deňdir.Baglanyşyklaryň deňligini görkezmek üçin halkanyň içinde togalak şekillendirilýär.Şu ýerde näme üçin benzolyň kynlyk bilen birleşme reaksiýasyna gatnaşýandygyny düşündirip bolar. Benzolyň häsiýetleriniň jemine aromatiklik diýilýär.Aromatiklik hadysasyny nemes alymy E. Hýukkel kesgitleýär. Oňa Hýukkeliň düzgüni diýilýär.Şu düzgüne görä, aromatik molekulalar tekiz halkaly sigma skelet we 4n+2 deň bolan jemlenen p- elektronlaryň sanyny saklamaly (n= 0,1,2,3 wer başg.). Diňe şeýle ýagdaýda molekulalar aromatiki häsiýetleri ýüze çykarýar. Fiziki häsiýetleri Benzolyň gomologik hatarynyň ilkinji wekilleri özboluşly ysly reňksiz suwuklyklardyr. Olar suwdan ýeňil we onda eremeýärler. Organiki eredijilerde oňat ereýärler we özleri hem köp organiki maddalar üçin oňat eredijilerdir. Himiki häsiýetleri 1) Orun tutma reaksiýalary C₆H₆+Cl₂→C₆H₅Cl+HCl C₆H₆+HNO₃→C₆H₅NO₂+H₂O Benzolyň gomolyglary 2,4,6-tri gаlogenleri emele getirýärler. 2)Ýanma reaksiýasy C₆H₆ + 15O₂ → 12CO₂ + 6H₂O 20 +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net 3)Okislenme reaksiýasy (benzolyň gomologlary) 4)Birleşme reaksiýalary C₆H₆+3Cl₂ →C₆ H₆Cl₆ C₆H₆+3H₂→ Ulanylyşy Benzoldan fenol , anilin, stirol , alynýar. Olardan bolsa fenolformaldegid smolalar, boýaglar, polistirol we köpdürli gerekli önümler alynýar. Toluolyň nitrobirleşmeleri güýçli partlaýjy madda hökmünde ulanylýar. 3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele. 20-nji soragnama 1 Atomyň gurluşy. Atomda elektronlaryň hereketi. Elektron bulutlar.Kwant sanlary barada düşünje. Maddanyň himiki taýdan bölünmeýän iň kiçi bölejigine atom diýilýär.Elipbiýiň harplaryndan sözleriň emele gelşi ýaly, atomlardan molekulalar emele gelýärler.Dürli maddalaryň atomlary az sanlydyr, ýöne olaryň emele getirýän molekulalary örän köpdür. Аtom sözi grekçeden terjime edilende bölünmeýär diýmekligi añladýar. Atom – bu položitel zarỳadly ýadrodan we otrisatel zarỳadly elektronlardan düzülen elektroneýtral bölejikdir. XX asyra çenli alymlar atomyñ bölünmeýänligine ynanypdyrlar. Häzirki wagtda atomyñ subatom bölejikleri bolan protonlardan, neýtronlardan we elektronlardan düzülendigi belli boldy. Islendik atomyň merkezinde ýadro ýerleşip onuň daşyndan orbitallar boýunça elektronlar aýlanýarlar. Ýadro iki görnüşli bölejiklerden: protonlardan we neýtronlardan düzülendirler. Protonlaryñ položitel zarýady bolup p + belgisi bilen belgilenýär. Elementleriñ kesgitli sanly protonlary bolup, şolar boýunça olar biri-birinden tapawudlanýarlar. Neýtronlar - bitarap bölejikler bolup, olaryň hiç hili zarýady bolmaýar. Olar n belgisi bilen belgilenýār. Neýtron – zarýadsyz bölejikdir. Atomyň protonlarynyň sanyonuň periodiksistemadaky tertip sanyna deňdir. Proton bilen neýtronlaryň sany elementiň otnositel atom massasyna deňdir. Protonyň massasy iň kiçi atom bolan wodorodyň atomynyň massasyna deňdir. Şertli onuň massasy 1-e deňdir. Atomyň daşynda otrisatel zarýadly elektronlar uly tizlik bilen aýlanýar. Elektronlaryň sany hem tertip sanyna deňdir. Diýmek, atom elektroneýtral bölejikdir. Elektron buludy Elektronlar atom ýadrosynyň daşynda tertipsiz hereket edýärler . Wodorodyň elektronynyň ortaça tizligi 2000km/sek deňdir. şeýle tizlik bilen ýadronyň daşyndan bir aýlaw etmek üçin 10-5sek wagt gerek bolýar.Elektronyň hereketini has ulaldyjy abzallarda hem görüp bolmaýar.Diňe ýadronyň daşynda elektronyň bolup biljek ähtimallygy aýdylýar. Ýadro giňişliginde elektronlaryň bolmak ähtimallygyny suratlandyrýan, elektronyň şekilene elektron buludy diýilýär.Oňa orbital hem diýilýär. Orbitalelektronyň bolmak ähtimallygy 90% bolan , ýadronyň daşyndaky giňişlikdir. Orbitallary kwant sanlary bilen häsiýetlendirýärler. Elektronyň atomdaky ýagdaýyny görkezmek üçin KWANT SANLARY ulanylýarlar. Atomda elektronlar energiýany ülüşler- kwantlar boýunça kabul edýärler ýa-da bölüp çykarýarlar Elektronlaryň ýagdaýyny 4 sany kwant sany kesgitleýär: 1. Baş kwant san, n → energetik derejeler. 2. Orbital kwant sany, l → kiçi energetik derejeler (s, p, d, f). 3. Magnit kwant sany, m → orbital. 4. Spin kwant sany, s → elektronyň hususy hereketi. Baş kwant san-energetik derejäniň sany (n) • Energetik derejeleriň sany • Elektron buludynyň ölçegi • San bahalary n = 1, 2, 3, 4, 5, 6… • Baş kwant sanyň bahalary energetiki derejeleriň sanyna deňdir. Baş kwant sany meňzeş bolan elektronlar bir energetik derejede ýerleşýärler. • Baş kwant san bütin san bahalary: n = 1, 2, 3, ..., ýa-da latyn baş harplary : K, L, M, N,.. bilen aňladylýar. • Energetik derejedäki elektronlaryň ýokary sany: N = 2n2 n =1 2(1)2 = 2 n =2 2(2)2 =8 Orbital kwant sany-l • Elektron buludynyň şekilini häsiýetlendirýär. • Elektron buludynyň şekili meňzeş bolan elektronlar energetiki derejelerde kiçi energetiki derejeleri emele getirýär. • Orbital kwant sany 0-dan başlap n-1 san bahalary alýar we s, p, d, f harplar bilen bellenýär: • n 1, 2, 3, 4, ... • l 0, 1, 2, 3, ...(n-1) • s, p, d, f, ... Magnit kwant sany- ml 21 +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net • Elektronyň giňişlikde ýerleşişini aňladýar. • San bahalary –l-den +l –e çenli. • Orbitalyň belgisi - ml • Magnit kwant sanyň san bahasy orbital kwant sana baglylykda üýtgeýär. (s- 1 orbital, p - 3 orbital, d - 5 orbital, f - 7 orbital) Spin kwant sany Elektronyň impulsynyň hususy pursady. Arassa kwant tebigaty bolýar we giňişlikdäki hereket bilen baglanşykly däl. Ähli elektronlaryň spini s = 1 / 2 deňdir. 2. Bir atomly doýgun spirtler, molekulalarynyň gurluşy we atlandyrylyşy. Fiziki we himiki häsiýetleri. 1. Uglewodorodyň molekulalaryna gidroksil toparyň girizilmegi bilen emele gelen alifatiki organiki maddalara spirtler diýilýär. Gidroksil toparyň sanyna görä bir atomly, iki atomly, üç atomly we ş.m. spirtler bardyr.Bir atomly doýan spirtleriň umumy formulasy CnH2n+1OH Bir atomly doýan spirtler,alkanlarda wodorod atomlarynyň biriniň deregine OH-gidroksil toparynyň birikmeginden emele gelýär. 2.Molekulasynyň gurluşy Molelkulalarynda diňe σ-baglanşygy bolýar,sebäbi kislorodyň elektro otrisatelligi wodorod we uglerodyňkydan güýçli,OH baglanşygy kislorodyň atomynda artyk otrisatel wodorodyň atomynda položitel zarýadly güýçli polýar.Gidroksil topardaky wodorod atomy has reaksiýa ukyply.Molekulalarynyň arasynda gowşak wodorod baglanşygy fiziki we himiki häsiýetlerine täsir edýär. 3.OH – toparyň uglewodorod zynjyrynda ýerleşişine görä spirtler üç topara bölünýärler: 1.Birlenji 2.Ikilenji 3. Üçülenji Fiziki häsiýetleri Pes molekulýar gurluşly spirtler (C₁₅-e çenli) suwuk, ýokary molekulýar gurluşly spirtler bolsa gaty maddalardyr.Ilkinji wekilleriniň özboluşly yslary bardyr. Metanol zäherli,etanolyň narkotik häsiýeti bolýar. 1.Gomologik hatary: CnH₂n₊₁OH 1.СН3—ОН metanol 2.СН3— СН2—ОН- etanol 3. СН3— СН2— СН2—ОН - propanol-1 4. СН3— СН2— СН2— СН2—ОН - butanol -1 Izomeriýasy we atlandyrylyşy. Degişli alkanlaryň atlaryna –ol goşulmasy goşulýar. CH₃OH-metanol, C₂H₅OH-etanol, CH₃-CH₂-CH₂OH propanol-1 CH₃-CH-CH₃ I OH propanol-2 san b-n gidroksil toparyň ýerleşişi görkezilýär. 1)Uglerod skeletiniň izomeriýasy 2)Funksional topar boýunça izomeriýa 3)Toparlaryň arasyndaky izomeriýa (ýönekeý efirler bilen bir atomly spirtler. 3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele. 21-nji soragnama 1. Suwuň elektrolitiki dissosasiýasy. Wodorod görkezijisi (pH). Indikatorlar. Suw – gowşak elektrolit. Suw gowşak elektrolitdir. Suwuň dissosiasiýa deňlemesi: Erginleriň gurşawyny häsiýetlendirmek üçin wodorod görkezijisinden pH peýdalanmak has amatlydyr. Wodorod ionlarynyň konsentrasiýalarynyň otrisatelonluk logarifmi wodorod görkezijisi pH diýlip atlandyrylýar. pH = – lg[H+] Meselem, eger [H+] = 10–3mol/l bolsa, onda pH = 3,erginiň gurşawy turşy. Eger [H+] = 10–12 mol/l bolsa, onda pH = 12, erginiň gurşawy aşgar Erginleriň pH-yny kesgitlemegiň has sada usuly indikatorlaryň reňkiniň üýtgeýşini ulanmakdyr. Bu usul has köp ulanylýar. Indikatorlaryň köpüsi gowşak organiki kislotalar ýa-da esaslardyr.Erginlerde H+ ýa-da OH– ionlaryň täsiri netijesinde reňkini öwrülişikli üýtgedýän maddalara indikatorlar diýilýär. Uniwersal indikator kagyzynyň kömegi bilen erginiň pH gurşawyny kesgitlemek örän ýeňil.Bu kagyzyň bir ujundan tutup, beýleki ujuna pipetkanyň kömegi bilen barlanylýanerginiň bir damjasyny damdyrmaly. Indikator kagyzynyňöllenen 22 +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net ýeriniň reňkini tablisadaky maglumatlar bilendeňeşdirmeli. Deňeşdirmek üçin uniwersal indicator kagyzynyň gutusynyň daşynda berilýän reňkli şkalany ulanmak hem bolar. pH-yň ululygy himiki we biologiki hadysalarda uly ähmiýete eýedir. Çünki, bu hadysalar erginiň gurşawyna baglylykdadürli tizlikler we ugurlar boýunça geçip bilerler.Şonuň üçin pHy kesgitlemek medisinada, ylymda, tehnikadawe oba hojalygynda örän möhümdir.pH-yň bahasykadaly ululygyndan hatda 0,01 birlige gyşarmagy hemorganizmdäkiýetmezçilikler barada maglumat berýär.Hasaplamalaryň üsti bilen hem wodorod görkezijisini we wodorod ionlarynyň konsentrasiýalaryny, netijede erginleriň gurşawlaryny kesgitlemek bolar. 2. Köp atomly spirtler, molekulalarynyň gurluşy, fiziki we himiki häsiýetleri.1.Umumy formulasy CnH2n+2-m (OH)m bolan , düzüminde birnäçe gidroksil topary bolan organiki maddalara köp atomly spirtler diýilýär. Köp atomly spirtleriň esasy wekilleri etilenglikol we gliserindir: CH2-CH-CH2 CH2 —CH2 OH OH OH OH OH Propantriol1,2,3 etandiol 1,2 gliserin etilenglikol Köp atomly spirtleriň atlary degişli alkanyň adynyň yzyna gidroksil toparyň sanyny görkezýän söz, “ol” goşulmasy we degişli alkanyň adynyň goýulmagy bilen emele gelýär. Köp atomly spirtleriň alnyşy: 1.Etilene hlor räsir etdirip,1,2 dihloretan alynýar, soňra ony aşgaryň gowşadylan ergini bilen etilenglikola öwürýärler: 2.Etileni kaliý permanganatynyň suwly ergini bilen okislendirip, etilenglikoly alýarlar 3. 1779 –njy ýylda K.Şeýele ýaglary gurşun oksidiniň gatnaşmagynda aşgar bilen täsirleşdirip, ilkinji gezek gliserin aldy: 3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele. 22-nji soragnama 1. Himiki baglanyşyklaryň görnüşleri. Ion, wodorod we kowalent baglanyşyklary. 1. Himiki baglanyşyklaryň görnüşleri. Ion, wodorod we kowalent baglanyşyklary. Atomyň gurluşy baradaky öwrenen düşünjeleriňize laýyklykda, elementler metallara we metal dällere degişli bolup, himiki täsirleşmede olaryň atomlary elektronlary bermek ýa-da özüne birikdirmek häsiýetine eýedir. Ýagny atomy aňsatlyk bilen elektrony berýän elementler, metal häsiýetini has güýçli ýüze çykarýan elementlerdir. Tersine, atomy elektronlary özüne çekmäge ukyply elementler bolsa, metal däl häsiýetini güýçli ýüze çykarýan elementlerdir. D. I. Mendeleýewiň periodik ulgamynda periodlarda çepden saga metal däl häsiýet güýçlenýär. Ýagny periodyň başyndaky elementleriň atomlary, özleriniň walent elektronlaryny aňsatlyk bilen berip, metal häsiýeti güýçli ýüze çykarýarlar. Periodyň orta çägindäki elementleriň atomlary özleriniň walent elektronlaryny kynlyk bilen berip, olaryň oksidleri we gidroksidleri amfoter häsiýeti ýüze çykarýarlar. Periodyň ahyryndaky elementleriň atomlary bolsa, elektronlary güýçli birleşdirip (özüne çekip), metal däl häsiýeti güýçli ýüze çykarýarlar.Netijede himiki baglanyşyk emele gelýär. 2. Himiki baglanyşyklaryň esasy 4 görnüşi bardyr:1. Kowalent baglanyşygy. 2. Ion baglanyşygy 3.Wodorod baglanyşygy 4. Metal baglanyşygy. 3.Himiki baglanyşygyň görnüşleriniň biri, baglanyşyga gatnaşýan elementleriň atomlarynyň elektron jübütleriniň emele getirýän baglanyşygy, ýagny kowalent baglanyşykdyr. Şeýlelikde, umumy elektron jübütleriniň emele gelmegi netijesinde ýüze çykýan himiki baglanyşyga kowalent baglanyşyk diýilýär. Mysal üçin, wodorodyň atomlaryndan onuň molekulasynyň emele gelşi: 23 +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net H • + • H →H : H H· + ·Cl : → H→: Cl: ýa-da Hδ+ ClδElektrootrisatellikleri has güýçli tapawutlanýan elementleriň atomlary özara täsirleşende başga gömüşli baglanyşyk emele gelýär. Sebäbi bu ýagdaýda baglanyşyga gatnaşýan elektronlaryň elektrootrisatelligi pes atomdan elektrootrisatelligi ýokary atoma tarap doly süýşmegi bolup geçýär. Özüniň walent elektronlaryny doly diýen ýaly berýän atom položitel zarýadly iona, şol elektronlary birikdirýän atom bolsa otrisatel zarýadly iona öwrülýär. Diýmek, ionlar -elektronlaryny berip ýa-da kabul edip, atomlaryň öwrülýän zarýadly bölejikleridir. Na· + · Cl: → Na [ :Cl:] 2. Sellýuloza, molekulasynyň gurluşy, fiziki we himiki häsiýetleri. Türkmenistanda kagyzyň öndürilişi. Kagyz we sellýuloza öndürýän kärhana. 1. Sellýuloza ýa-da kletçatka krahmala garanda tebigatda has köp duş gelýär. Ösümlik öýjükleriniň esasy diwarlary sellýulozadan durýar. Sellulla- kletka- öýjük diýmegi aňladýar.Agaç owuntygynyň 50%-i , pagtanyň we süzgüç kagyzynyň 90%-i sellýulozadyr. Arassa sellýuloza suwda we adaty eredijilerde eremeýän , ýöne mis(II) gidroksidiniň ammiakly (Şweýseriň reaktiwi) ergininde ereýän ak, gaty maddadyr. Gurluşy. Sellýuloza tebigy polimerdir, onuň umumy formulasy krahmalyňky ýalydyr (-C6H10O5-)n. Krahmaldan tapawutlylykda sellýulpzanyň molekulasy glýukozanyň galyndylaryndan ybarat bolan göni zynjyry emele getirýär. 𝛽 glýukozanyň galyndylary biri-biri bilen birinji we dördünji uglerod atomlary arkaly baglanyşýarlar. Glýukozanyň molekulasynyň her bir galyndysy üç sany gidroksil topary emele getirýär. Sellýulozanyň alnyşy.Sellýulozanyň ersasy massasyny agaçdan alýarlar. Onuň alnyşynyň esasy senagat usullarynyň biri sulfit usulydyr. Bu usul boýunça agaç owuntygyny kalsiý gidrosulfitiniň ýa-da natriý gidrosulfitiniň erginleriniň gatnaşmagynda 150ºC temperaturada we 0,5-0,6 Mpa basyşda awtoklawda gyzdyrýarlar. Netijede düzümindäki ähli beýleki maddalar dargaýarlar, sellýuloza bolsa arassa ýagdaýynda bölünip alynýar.Ony suw bilen ýuwýarlar, guradýarlar we soňra gaýtadan işlemek üçin ugradýarlar. Himiki häsiýetleri.Sellýulozanyň gidrolizi turşy gurşawda amala aşyrylýar. Gidroliziň ahyrky önümi glýukozadyr. Sellýuloza kislotralar bilen reaksiýa girip , çylşyrymly efirleri emele getirýär. Onuň molekulasynyň her bir bölegi üç gidroksil topardan ybaratdyr. Şeýle gidroksil toparlar azoy kislotasy we uksus angidridi bilen reaksiýa girýärler. Sellýuloza suw aýryjy maddalaryň gatnaşmagynda azot kislotasy bilen reaksiýa girip, çylşyrymly efir-dinitrosellýuloza ýa-da trinitrosellýuloza emele getierýär. Ösümlik öýjükleriniň esasy diwarlary sellýulozadan durýar. Sellulla- kletka- öýjük diýmegi aňladýar.Agaç owuntygynyň 50%-i , pagtanyň we süzgüç kagyzynyň 90%-i sellýulozadyr. Arassa sellýuloza suwda we adaty eredijilerde eremeýän , ýöne mis(II) gidroksidiniň ammiakly (Şweýseriň reaktiwi) ergininde ereýän ak, gaty maddadyr. Kagyzy öndürmek üçin agaçlaryň we bir ýyllyk ösümlikleriň düzüminde bar bolan sellýuloza ulanylýar. Sellýuloza organiki maddalara degişlidir. Agaç galyndylaryndan ýa-da bir ýyllyk ösümlikleriň samanlaryndan sellýulozany bölüp almak, kagyz önümçiliginiň başlangyç tapgyrydyr. Ýagny agaç galyndylaryny ýa-da samany işlemek üçin olary uzynlygy 15–20 mm we galyňlygy 3 mm-e çenli owradýarlar.Işlemek üçin esasan, erediji kislotany we samany gaýnadylmaga taýýarlamakdyr. Erediji kislotany kükürt (IV) oksidini hekdaşy we suw bilen doldurylan minaradan goýberilip alynýar.Şonuň üçin hem ol düzümi boýunça, artykmaç mukdarda kükürt (IV) oksidieredilen kalsiý gidrosulfitiniň erginidir: SO2 + H2O → H2SO3 2H2SO3 + CaCO3 → Ca(HSO3)2 + CO2 + H2O Saman kislota durnukly abzalda gaýnadylýar.Şol abzala owradylan saman, eredijikislota we gyzdyrmak üçin suw bugy goýberilýär.Gaýnatmak, adatça 0,5–0,7 MPa basyşda 8–10 sagadyň dowamynda 135–145ºC temperaturada geçirilýär. Gaýnadylyp gutarylandan soňra gazandaky lödere süzgüçli gaba guýulýar we sellýuloza gaýnadylan erginden bölünýär hem-de ýuwulýar. Soňrasellýuloza mehaniki garyndylardan arassalanýar.Oňat hilli kagyzy almak üçin sellýulozany ýenede natriniň ýa-da kaliniň gipohloriti, hlor, hloruň (IV) oksidi we wodorodyň peroksidi bilen işlenilýär.Indiki tapgyrda kagyzyň goýy garyndysy taýýarlanylýar. Süýümi owradylyp suspenziýa taýýarlanylýar. Suspenziýa gerekli goşundylar goşulýar we suw bilen talapedilýän konsentrasiýa çenli gowşadylýar.Şeýlelikde, güýçli gowşadylan suspenziýa kagyz öndürýän maşyna berilýär we şol ýerde kagyz alynýar. 3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele. 23-nji soragnama 1. Dökünleriň umumy häsiýetnamasy. Dökünleriň toparlary. Dökünleri ulanmagyň kadalary. 2. Sintetiki kauçuklar, olaryň alnyş usullary. 3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele. 1. Dökünleriň umumy häsiýetnamasy. Dökünleriň toparlary. Dökünleri ulanmagyň kadalary. 24 +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net Organiki dökünler – ösümlik we haýwan organizmini düzýän maddalardyr. Has takygy ders, guş dersi, ösümlik çüýrüntgileri, iýmit we iýmit önümçiliginiň galyndylary. Olar topraga dökülende, toprak mikroorganizmleriniň täsirinde dargaýarlar we azot, fosfor, kaliý we beýleki iýmitlendiriji elementleriň mineral birleşmelerini emele getirýärler. Organomineral dökünler – organiki we organiki däl maddalary saklaýan dökünlerdir. Olar organiki we organiki däl maddalary gaýtadan işläp ýa-da olary garyşdyrmak bilen hem alynýar. Mysal üçin, dersi we fosfor dökünlerini garyşdyrylanda organomineral dökünler emele gelýär. Bakterial dökünler – topragyň organiki maddalaryny we dökünlerini siňdirýän hem-de olary minerallara öwürýän mikroorganizmleri saklaýan serişdelerdir. Mysal üçin, azotobakterin, toprak nitragini. Mineral dökünler – organiki däl maddalardyr. Olar topraga täsir edişi boýunça iki topara bölünýär. 1. T opraga gytaklaýyn täsir edýän mineral dökünler – dökünleriň ulanylyş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen topraga himiki, fiziki we mikrobiologiki täsir etmek üçin ulanylýan maddalardyr. Mysal üçin, turşy topragy bitaraplaşdyrmak üçin owradylan hek daşy, söndürilen hek ulanylýar. 2. T opraga gönümel täsir edýän mineral dökünler – ösümlikleriň gönüden-göni iýmitlenmegi üçin niýetlenen dökünlerdir. Olar ýokarda bellenen, ösümlikler üçin zerur bolan makro – we mikroelementleri saklaýan maddalar bolup, sada we kompleks dökünlere bölünýär. Sada dökünler – düzüminde ösümlikleriň iýmitlenýän elementleriniň diňe birini (azot, fosfor, kaliý, mis we beýlekiler) saklaýan maddalardyr. Şonuň üçin hem olar aşakdaky toparlara bölünýär: – azot dökünleri – düzüminde azot saklaýan maddalardyr. Olar ammiak (suwuk ammiak), ammoniý (NH4Cl, (NH4)2SO4), amid (moçewina), nitrat (NaNO3, Ca(NO3)2) we utgaşykly (NH4NO3) birleşmelerdir. – fosfor dökünleri – düzüminde fosfor saklaýan maddalardyr. Olar owradylan fosforit, presipitat, sada superfosfat we ikili superfosfat birleşmeleridir. Fosfor dökünleri suwda ereýänlere (ikili superfosfat) we suwda eremeýänlere (fosforitler) bölünýärler. – kaliý dökünleri – düzüminde kaliý saklaýan maddalardyr. Olar konsentrirlenen kaliý (kaliý hloridini saklaýan madda – KCl, hlorsyz kaliý saklaýan madda – K2SO4), kristal duzlar (silwinit KCl.NaCl) we agajyň küli (K2CO3) bolan birleşmelerdir. – mikrodökünler – düzüminde ösümlikler üçin zerur bolan mikroelementleriň diňe birini saklaýan maddalardyr. Olar bor (H3BO3), mis (CuSO4 .5H2O), marganes (MnSO4), sink (ZnSO4), molibden (molibden superfosfaty) we kobalt (CoCl2) saklaýan birleşmelerdir. Kompleks dökünler – düzüminde ösümlikleriň iýmitlenýän elementleriniň ikisinden az bolmadyk sanyny saklaýan maddalardyr. Öndürilişine baglylykda olar aşakdaky toparlara bölünýär: – garylan dökünler – taýýar bolanlary mehaniki garyşdyrmak usuly bilen alynýan dökünlerdir (NH4NO3+superfosfat, (NH4)2SO4+superfosfat). – çylşyrymly dökünler – çig mallary himiki işlenip alynýan dökünlerdir (ammofoslar, KNO3, nitrofoska). Dökünleriň umumy häsiýetnamasy. Himiýa önümçiliginde mineral dökünleriň öndürilişi möhüm pudaklaryň biridir. Mineral dökünleri azot, fosfor, kaliý we mikrodökünlere bölýärler. Topragyň hasyllylygyny artdyrmakda edilýän talaba laýyklykda dökünler, ilki bilen ondaky ýokumly elementleriň mukdary arkaly häsiýetlendirilýär. Döküniň ýokumlylyk gymmatyny azotuň (N), fosfor (V) oksidiniň (P2O5), kaliý oksidiniň (K2O) we beýlekileriň göterim mukdary bilen aňlatmak şertlenilendir. Şonuň üçin hem dökünler öndürilende olaryň siňňitliligi bilen bir hatarda ýokumlylyk derejesinide ýokarlandyrmak möhüm meseleleriň biridir. 2. Sintetiki kauçuklar, olaryň alnyş usullary. Sintetiki kauçugy önümçilige ornaşdyrmak ilkinji gezek akademik S. W. Lebedew tarapyndan amala aşyryldy. Ýagny 1,3-butadiýeniň metalorganiki katalizatoryň gatnaşmagyndaky polimerleşmegi esasynda butadiýen kauçugy alyndy: CH2 = CH – CH = CH2 + CH2 = CH – CH = CH2 + … → → – CH2 – CH = CH – CH2 – + – CH2 – CH = CH – CH2 – + … → → (– CH2 – CH = CH – CH2 –)n bu ýerde n – birnäçe müň san. S. W. Lebedew tarapyndan sintetiki kauçugyň önümçiligi ýola goýlanda çig mal bolup galla we kartofel hyzmat edýärdi. Häzirki wagtda sintetiki kauçuklary almak üçin çig mal hökmünde uglewodorodlary saklaýan nebit gazlary we nebitiň gaýtadan işlenen önümleri ulanylýar. Butadiýen kauçugy tebigy kauçukdan tapawutlylykda sazlaşygy bolmadyk gurluşly bolup, bu mesele soňra alymlar tarapyndan işlenildi. Netijede 1,3-butadiýenden hem-de 2-metil – 1,3butadiýenden sazlaşykly gurluşly diwinil we izopren kauçuklar alyndy . 1,3-butadiýenden alynýan, sazlaşykly däl gurluşly kauçuga butadiýen kauçugy, sazlaşykly gurluşla diwinil kauçugy diýilýär. Sintetiki izopren kauçugynyň alnyşy hem tebigy kauçugyň alnyşy ýalydyr. 1,3-butadiýeniň galogenli önümlerinden hem sintetiki kauçuk almak bolar. Mysal üçin, 2-hlor – 1,3-butadiýeniň polimerleşme reaksiýasy esasynda hlorpren kauçugy alynýar: CH2 = C – CH = CH2 + CH2 = C – CH = CH2 + … → 25 +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net Cl Cl → (– CH2 – C = CH – CH2 –)n Cl Käbir sintetiki kauçuklar bolsa dürli monomerleriň bilelikde polimerleşmegi esasynda alynýar. Mysal üçin, 1,3-butadiýen bilen stirol özara polimerleşip butadiýen stirol kauçugy alynýar . 3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele. 24-nji soragnama 1. Metal dälleriň oksidleri. Himiki häsiýetleri. Kislorodly kislotalar. Periodik sistemada himiki elementleriň ýerleşişine baglylykda olaryň ýokary oksidleriniň we kislotalarynyň häsiýetleri üýtgeýär. Elementleriň ýokary oksidleriniň häsiýetleriniň periodlar we toparlar boýunça üýtgeýşi bilen tanşalyň. Elementleriň ýokary oksidleriniň häsiýetleriniň üýtgeýşi III periodda has aýdyň görünýär. esas oksidleri; amfoter oksid kislota oksidleri Na2O MgO Al2O3SiO2 P2O5 SO3 Cl2O7 Na2O we MgO esas oksidleridir. Natriý oksidiniň esas häsiýeti has güýçli. Ol suw bilen täsirleşip, aşgary, ýagny natriýgidroksidini emele getirýär. NaOH bilen deňeşdirilende Mg(OH)2-niň esas häsiýeti gowşak. Munuň sebäbi bumaddalaryň molekulalarynyň düzümine girýän atomlaryň arasyndaky baglanyşyklaryň berkliginiň üýtgeýşi bilen baglanyşyklydyr.Atomynyň radiusynyň örän kiçidigi sebäpli NaOH molekulada wodorodyň atomy kislorodyň atomyny özüne güýçli çekýär, olaryň arasyndaky baglanyşyk berk bolýar.Wodorodyň atomynyň radiusy bilen deňeşdirilende natriniň atomynyň radiusy uly. Şonuň üçin NaOH molekulada (Na−O−H) wodorod-kislorod baglanyşygy bilen deňeşdirilende natriý-kislorod baglanyşyk gowşak bolýar.Netijede, NaOH suwda ýa-da gyzdyrylyp eredilen ýagdaýynda natriý-kislorod baglanyşyk üzülýär,dissosirleşmegidroksid ionlaryň emele gelmegi bilen geçýär:NaOH → Na+ + OH– Magniý gidroksidinde esas häsiýetiň gowşamagynyň sebäbini şeýle düşündirmek bolar.Na+ – iony bilen deňeşdirilende Mg2+ – ionyň zarýady uly. Munuň özi magniý-kislorod baglanyşygyň has berk bolmagyna we esas häsiýetli dissosirleşmäniň geçişiniň kynlaşmagyna getirýär: Mg(OH)2 → Mg2+ + 2OH– III periodda magniýden soň alýuminiý ýerleşýär.Onuňoksidi amfoter häsiýetlidir.Alýuminiden soňda ýerleşen Si,P, S we Cl elementleri kislota oksidlerini emele getirýärler.SiO2 – P2O5 – SO3 – Cl2O7 hatar boýunça oksidleriň himikitaýdan işjeňligi we kislota häsiýeti güýçlenýär. Olaryňsuwda ereýjiligi we degişli kislotalary boýunça munuň şeýledigine göz ýetirmek bolar.SiO2 – gaty madda, ol suw bilen täsirleşmeýär.P2O5 – akreňkli külke görnüşli madda, ol çygly howada ýitip gidýär.Onuň bu häsiýeti suw bilen ýeňil birleşýändigine baglydyr. SO3 – gaty madda, ol hem suw bilen ýeňil täsirleşýär.Butäsirleşme ýylylygy bölüp çykarmak bilen geçýär.Cl 2O7 –reňksiz, partlawuk suwuklyk görnüşli maddadyr. Periodlar boýunça elementleriň ýokary oksidleriniňesas häsiýetleri gowşap, kislota häsiýetleri güýçlenýär. 2. Geterohalkaly birleşmeleriň umumy häsiýetnamasy.Uglerod atomlary bilen bir hatarda beýleki elementleriň atomlaryny saklaýan halkaly birleşmelere geterohalkaly birleşmeler diýilýär. a) Geterohalkaly birleşmeler halkanyň ululygyna, doýan, doýmadyklaryna, geteroatomynyň hiline we sanyna görä toparlara bölünýärler. Halkanyň ululygyna görä üç ülüşli (doýan we doýmadyk) geterohalkaly birleşmeler: Dört ülüşli (doýan, doýmadyk) geterohalkaly birleşmeler: Bäş ülüşli (doýan, doýmadyk, aromatik) geterohalkaly birleşmeler: Alty ülüşli (doýan, doýmadyk, aromatik) geterohalkaly birleşmeler: 26 +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net b)Geteroatomlaryň hiline we sanyna görä geterohalkaly birleşmeler. 3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele. 25-nji soragnama 1. Erginler. Ereýjilik. Kolloid erginler. Dispers sistemalar. Maddalaryň agregat haly— kesgitli hil alamatlary bilen häsiýetlendirilýän, maddanyň ýagdaýy: göwrümini we görnüşini saklap bilmek ýa-da bilmezlik ukyby. Agregat hallary boýunça maddalaryň toparlary:gaz, suwuklyk, gaty madda, plazma , kristallar. Düzümi boýunça maddalar iki topara bölünýärler : arassa maddalar we garyndylar. • Ergin-bu erän maddanyň bölejiklerinden , eredijiden we olaryň täsirleşme önümlerinden ybarat bolan bir jynsly sistemadyr. • Gidratlar – bu erän madda bilen suwuň himiki täsiri netijesinde emele gelen ergindäki berk däl birleşmelerdir. • Kristallogidratlar- bu düzüminde baglanyşan görnüşinde suwuň molekulalaryny saklaýan gaty duzlardyr. Hakyky ergi -bu birjynsly (gomogen) buazyndaniki düzüjiniň garyndysy, оlaryň biri erediji, beýlekisi bolsa erän maddadyr. Bir maddanyň owunjak bölejikleriniň beýleki maddanyň göwrüminde endigan ýaýran geterogen sistemalaryna dispers sistemalar diýilýär. Dispers sistemalarda ýaýran bölejikleriň ölçegleri 1 nanometrden 100 nanometr aralygynda bolsa ol dispers sistemalara kolloid erginler diýilýär.Olar erginlerden diňe bir bölejikleriniň ululyklary boýunça däl-de ,eýsem, häsiýetleri boýunça hem tapawutlanýarlar. Kolloid erginlerine ýumurtga belogy, krahmal kleýsteri we ş.m. degişlidir.Olaryň daşky görnüşi:dury, käbir bölejiklerini ultramikroskopyň kömegi bilen görüp bolýar.Olar uzak wagtyň dowamynda kynlyk bilen çökýär. Örän inçe deşijikleri bolan ultra süzgüçlerden geçýär. Organizmiň suwuklyklary (ganyň plazmasy, limfa,), öýjügiň suwuklyklary (sitoplazmа) Tindalyň effekti optiki bir jynsly däl gurşawdan ýagtylyk topbagynyň geçmeginde şöhläni ýaýratmagy.Adatça garaňky fonda ýagtylanýan konus görnüşinde görünýär (Tindalyň konusy). Kolloid sistemalaryň erginleri üçin häsiýetli (mysal üçin tüssede).Tindalyň effektinde kolloid bölejikleriň ölçeglerini, konsentrasiýasyny optiki kesgitlemek esaslanandyr. Ilkinji bolup açan D. Tindalyň ady dakylan. Erginlerdäki ýaly ,kolloid erginlerine durulyk häsiýeti mahsusdyr. Şol häsiýeti bilen olar iri dispers sisitemalaryndan tapawutlanýarlar. Kolloid erginlere koagulýasiýa hädysasy mahsusdyr. Kolloidli erginleriň jisim bölejikleriniň birleşp has uly bölejikler emele getirip, aşak çökmegine koagulýasiýa diýilýär. 2. Tebigy gaz, düzümi, häsiýetleri. Türkmenistanda gaz senagatynyň ösüşi. Uglewodorodlaryň esasy çeşmeleri tebigy we ugurdaş gazlar, nebit, daş kömürdir.Häzirki döwürde dünýä ýüzünde alynýan senagat organiki önümleriniň 95%-i nebit bilen tebigy gaza daýanýar. Kömür, torf , agaç owuntyklary sarp edilýän çig malyň 5%-inden gowragyny öz içine alýar. Gazylyp alynýan nebitiň we onuň önümleriniň 5%-den gowragy himiki gaýtadan işlenilýär. Galan bölekleri dürli ýangyç hökmünde ýakylyp, netijede kömürturşy gazynyň köp mukdary howa çykarylýar. Ýer şarynda tebigy gazyň gory 1015 m3-dyr. Biziň ýyrdumyzda häzir 23 trillion m3 möçberinde gaz gory bardyr. “Türkmenistanyň nebit-gaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda “ Türkmenistanda ägirt uly möçberde gözleg agtaryş işlerini döwrebap tilsimatlary ulanyp,geçirmek, nebit –gaz baýlyklarymyzy rejeli özleşdirmek, düýpli gaýtadan işlemek göz öňünde tutulýar. Bu maksatnama görä , ýurdumyzda nebiti we gazy has köp çykarmak, olaryň täze ýataklaryny açmak, dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümleri öndürýän nebit-gaz , himiýa we beýleki kärhanalary gurmak işleri amala aşyrylar. Senagatda gazdan asetilen ,etilen ,wodorot, gurum, dürli plastmassalary, uksus kislotasyny, boýaglary, däri dermanlary we ş.m. zatlary almak üçin ulanýarlar. Tebigy gazlara nebitiň ugurdaş gazlary hem degişlidir. Tebigatda nebitiň ugurdaş gazlary nebitiň üst gatlagynda ýa-da basyş astynda nebitiň içinde erän görnüşinde duş gelýär.Tebigy gazlardan tapawutlylykda , ugurdaş gazlarda metan az bolup, onuň deregine etan,propan, butan gazlary we ýokary molekulýar gurluşly uglewodorodlar köpdür. Ondan başga-da olaryň düzüminde beýleki tebigy gazlarda duşýan şol bir garyndylar bardyr. Olar nebit bilen birleşmeýän , ýagny kükürtwodorod, azot, asylly gazlar, suw bugy, kömürturşy gazyň garyndylarydyr. Durmuş maksatlary üçin ugurdaş gazlary birnäçe düzüm böleklere bňlýärler: Gaz-benzin- pentan geksan we beýleki gazlaryň garyndysy. Propan butan bölegi, we gury gaz-düzümi boýunça tebigy gaza meňzeş. 3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele. 26-njy soragnama 27 +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net 1. Metallaryň oksidleri we gidroksidleri, olaryň häsiýetleri. Mis-örän gadymy döwürden bäri ulanylýan metallaryň biridir. Munuň sebäbi tebigatda misiň erkin görnüşde tapylýanlygy, kähalatlarda onuň uly möçberde duş gelýänligi bilen baglanyşyklydyr. Arassa mis ýokary elektrik we ýylylyk geçirijilige eýedir, ol elektrik geçiriji simleri we radiotehniki enjamlary ýasamak üçin giňden ulanylýar. Inçe simler düzüminde kislorod saklamaýan (kislorod 0,02%-den köp bolmadyk) misden ýasalýar. Munuň sebäbi kislorod mise port häsiýeti berýär.Kähalatlarda berkligini ýokarlandyrmak üçin misiň düzümine onuň elektrik geçirijiligini peseltmeýän metallar az mukdarda (meselem, 1%-e çenli kadmiý) goşulýar. Misiň sink bilen splawlary tehnikada giňden ulanylýar.Sinkiň mukdary boýunça tapawutlanýan misiň iki splawy ulanylýar. Düzüminde 10%-e çenli sinki saklaýan misiň splawy tompak, 10–40% Zn saklaýan misiň splawy bolsa latun diýlip atlandyrylýar.Tompak we latun süzülmä ukyply, ýeňil işlenip bejerilýär. Misiň beýleki metallar bilen splawlaryna bürünç diýilýär.Alýuminiý bürünçleri (5–11% Al) ýokary korroziýa durnuklylygy we altynsöw ýylpyldysy bilen tapawutlanýar. Misiň nikel bilen splawlary garşylyga ukyplylygy bilen tapawutlanýar. Olar esasan aşakdakylardyr: Manganin(85% Cu, 12% Mn, 3% Ni), neýzilber (65% Cu, 20% Zn,15% Ni), konstantan (59% Cu, 40% Ni, 1% Mn), melhior(80% Cu, 20% Ni). Melhior öýde gündelik ulanylýan zatlary ýasamak üçin ulanylýar. Sink. Arassa sink ýokary korroziýa durnuklylyga eýe bolandygy üçin demriň düzümine goşulýar. Onuň mis bilen splawlary has ähmiýetlidir. Simap adaty şertlerde suwuk ýagdaýyndaky ýeke-täk metaldyr, ol elektro tehnikada simap öwrüjileri, bölüjileri wetermometrleri ýasamak üçin ulanylýar. Germaniý arassa görnüşde ýarym geçiriji hökmünde elektro- we radio tehnikada elektrik öwrüjileri (göneldijileri) ýasamak üçin ulanylýar. Galaýy korroziýa durnuklylyk ukybynyň ýokarylygy sebäpli demri galaýylamak üçin ulanylýar. Ol podşipnikleri we ýeňil ereýän splawlary ýasamak üçin hem ulanylýar. Gurşun kabelleriň gabygyny, akkumulýatorlaryň plastinkalaryny ýasamak üçin, şeýle hem ýadro tehnikasynda we himiýa senagatynda ulanylýan enjamlaryň daşyny örtmek üçin köp mukdarda sarp edilýär.Titan we sirkoniý ýeňil metallara degişli bolup, ýokary korroziýa durnuklylyga eýedir.Olaryň berkligi poladyňkydan pes däldir. Soňky wagtlara çenli titan seýrek metallara degişli hasap edildi, çünki ony arassa görnüşde almagyň amatly usuly ýokdy. Titany diňe arassa ýagdaýda mehaniki taýdan işläp bejermek mümkin. Ol awia gurluşykda giňden ulanylýar. Awiagurluşykda giňden ulanylýan splawlaryň biri dur alýuminidir, ýöne ol aşa ýokary tizlikde gyzmaklygyň netijesinde mehaniki häsiýetlerini ýitirip başlaýar.Şonuň üçin dur alýumininiň ýerine titan ulanylyp başlandy.Sirkoniý titandan gymmat hasaplanýar.Ol atomreaktorlarynyň gurluşygynda ulanylýar. Gyzdyrylan ýagdaýynda sirkoniý kisloroda, wodoroda, azoda we beýleki gazlara gatnaşykda has işjeňdir. Şonuň üçin ol gazlary siňdiriji madda hökmünde ulanylýar. Niobiý we tantal hem ýokary korroziýa durnuklylygy bilen tapawutlanýarlar. 2. Sintetiki süýümler. Süýümler – bu tebigy ýa-da sintetik polimerlerden alynýan uzyn maýyşgak sapaklar.Olar tebigy we himiki süýümlere bölünýärler. Tebigy ýa-da hakyky süýümler – haýwandan ýa-da ösümliklerden alynýarlar: ýüpek, pagta, ýüň. Himiki süýümleri tebigylary (ilkinji nobatda selýulozany) ýa-da sintetik polimerleri gaýtadan işläp alýarlar. Himiki süýümlere wiskoza, asetat süýümleri, kapron, neýlon, lawsan we beýlekiler degişlidir. Süýümleriň toparlara bölünişi. SÜÝÜMLER Tebigy Duş gelýän Himiki Duş gelýän süýümler görnüşleri süýümler görnüşleri Ösümliklerden alynýan süýümler kenep, pagta Emeli süýümler sellýuloza efir süýümi, rezin süýümi Haýwanlardan alynýan süýümler ýüň, ýüpek Sintetiki süýümler kapron, lawsan, hlorin, nitron Kapron – poliamid süýümlere degişli bolup, onuň önümçiligi birnäçe tapgyrdan ybaratdyr. Ilki bilen aminokislotalaryň önümi bolan kaprolaktam alynýar. O CH2–CH2–C CH2–CH2–CH2 OH H C=O+H2O CH2–CH2–CH2–N CH2–CH2–NH Kaprolaktam H ýa-da CO (CH2)5 NH Ikinji tapgyry kaprolaktamyň polimerleşmegi bolup, adatça üznüksiz usul bilen amala aşyrylýar. Onuň üçin gyzdyrylyp eredilen katalizator saklaýan kaprolaktamy 240–280ºC temperaturaly peçde 5–20 sagadyň dowamlylygynda saklanýar. 28 +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net Netijede, smola görnüşli polikaproamid alynýar: CO n(CH2)5 [–CO–(CH2)5–NH–]n NH Kaprolaktam –polikaproamid Polikaproamidiň erginini pes molekulýar gurluşly önümler aýrylandan 29empe ýörite süýüm görnüşini berýän enjamlara berilýär. Şeýlelikde, indiki tapgyrda polikaproamidiň ergininden azotyň atmosferasynda sapak görnüşli süýüm alynýar. Kapron matasy sürtülmä durnuklydyr.Ýöne kislotalaryň täsirine we ýokary 29 temperature durnuksyzdyr.Şonuň üçin hem kapron matasyny gyzgyn ütük bilen ütüklemek bolmaýar.Sürtülmä durnuklylygy üçin kaprony awtomobil we uçar şinlerini taýýarlananda goşulyp, olaryň sürtülip zaýalanmagyny peseldýärler. 3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele. 27-nji soragnama 1. Elektrolitik dissosiasiýa. Elektrolitler we elektrolit däller. Elektrolitik dissosiasiýa derejesi. Glýukozanyň, etil spirtiniň erginleri elektrik togyny geçirmeýär. Duz kislotasy, nahar duzunyň, natriý gidroksidiniň erginleri elektrik toguny geçirýärler. Erginleriň elektrik toguny geçirijiligini düşündirmäge ilkinji synanyşan alym T. Grotgusdyr (1805). Grotgusuň pikiriçe, elektrik meýdanynda molekula otrisatel we položitel bölejiklere bölünip degişli elektrodlara tarap çekilýärler. Şol elektrodlara tarap çekilen zarýadly bölejiklere iňlis alymy M. Faradeý (1832) ion diýip at berdi. Suwda eredilende ýa-da suwsuz gyzdyrylyp eredilende, ionlara dargaýan maddalara elektrolitler diýilýär. Elektrolitiki dissosiasiýa – bu suwda eredilende ýa-da suwsuz gyzdyrylyp eredilende, elektrolitleriň ionlara dargamagydyr. Elektrolitiki dissosiasiýa baradaky taglymat, 1887-nji ýylda şwed himigi S. Arrenius tarapyndan esaslandyryldy. Elektrolitleriň erginlerindäki dissosirlenen ionlaryň mukdary dissosiasiýa derejesi bilen aňladylýar. Dissosirlenen molekulalaryň sanynyň molekulalaryň umumy sanyna bolan gatnaşygyna dissosiasiýa derejesi diýilýär: Bu ýerde α-dissosiasiýa derejesi, n-dissosirlenen molekulalaryň sany, N-molekulalaryň umumy sany. 2. Tebigy kauçuk, molekulasynyň gurluşy, tebigatda tapylyşy. Fiziki we himiki häsiýetleri. Tebigy kauçuk Braziliýada ösýän gewei agajyndan alýarlar (Hevea brasiliensis). Kauçuk gewei agajynyň şiresinde emulsiýa görnüşinde saklanýar. Şol emulsiýadan gyzdyryp kauçuk – çig mal alypdyrlar. Kauçuk bilen ilkinji tanşan ýewropaly H.Kolumbdyr. Kauçugyň giňişleýin häsiýetlerini fransuz gözegçisi Ş. Kondamin1735-nji ýylda ýazypdyr. 1623-nji ýylda K. Makintoş kauçugyň ulanylyşyny teklip edipdir. 1841-nji ýylda Ç.Gudir kauçugy kükürt bilen gyzdyryp , rezin alypdyr. 1826-njy ýylda Faradeý kauçugyň wodoroddan we ugleroddan ybaratdygyny açypdyr. 1860-njy ýylda G. Wilýams kauçugy peregonka edip izopren alypdyr.1924 nji ýylda G. Ştaudinger kauçugyň gurluşyny kesgitledi. 1916-njy ýylda Germaniýada ilkinji gezek 2,3 dimetil butadiýen sintetik kauçugy ilkinji gezek senagatda alnyp başlandy. Şol kauçuk köp ýetmezçilikleri bardygy sebäpli häzirki wagtda öndürilmeýär. Butadiýen kauçugyny ilkinji gezek senagatda almaklygyň usulyny S.W.Lebedew 1927-nji ýylda amala aşyrdy. Ol butadiýeni etil spirtinden aldy we natriniň gatnaşmagynda onuň polimerleşmesini işläp düzdi. Spirtleriň degidratasiýasy(S.W.Lebedewiň usuly 1927 –nji ýyl.). 2СH₃-СH₂OH → СH₂=CH-CH=СH₂+2H₂O+H₂↑ Şol usul bilen 1932-nji ýylda kauçugyň senagat önümçiligi ýola goýuldy. Häzirki döwürde kauçugyň alnyş mukdarydünýä ýüzünde ýylda 5 mln tonna barabardyr. 3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele. 28-nji soragnama 1. Uly we kiçi periodlaryň elementleriniň atomlarynyň elektron gabyklarynyň gurluşy. Elementleriň atomlarynyň elektron gurluşy olaryň periodik sistemada ýerleşişi bilen baglanyşyklydyr. Atomda elektron gatlaklarynyň sanyny elementiň ýerleşýän periody görkezýär. I periodyň elementlerinde 1 energetiki dereje , II periodyň elementlerinde iki energetik dereje we ş.m.bardyr. Atomyň elektron gabygyndaky elektronlaryň sany elementiň periodik sistemadaky tertip sanyna deňdir. 29 +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net Elektronlar pes energiýalydan ýagny ýadronyň golaýyndan başlap, tertip boýunça ýerleşýärler. Atom ýadrosynyň daşyndaky elektronlaryň ählisi bilelikde elektron gabygy emele getirýärler. Elektron gabygynyň gurluşy elementleriň köp häsiýetlerini kesgitleýär. Atomyň elektron gabygynyň gurluşy elektron formula bilen kesgitlenýär. Atomyň elektron formulasy energetiki derejelerde we kiçi energetiki derejelerde elektronlaryň ýerleşişini görkezýär. Elektron formulada energetiki derejeler sanlaryň (baş kwant sanlar), kiçi energetik derejeler harplaryň(orbital kwant sanlar ) üsti bilen aňladylýar. Kiçi energetik derejedäki elektronleryň sany degişli harpyň sag tarapynyň ýokarsynda görkezilýär.Meselem 1S1 – birinji energetiki derejäniň S kiçi energetiki derejesinde 1 elektronyň ýerleşendigini aňladýar., 2p3- 2nji energetiki derejäniň p kiçi energetiki derejesinde üç elektronyň ýerleşendigini aňladýar. Her orbitalda ikiden köp elektron ýerleşip bilmeýär. Energetik derejede elektronlaryň sygymy aşakdaky formula bilen kesgitlenýär: N=2n2 Mysallar: ₊₁H 1s1 2 ₊₂He 1s ₊₃Li 1s2 2s1 2 ₊₆C 1s 2s2 2p2 2 2 ₊₁₆S 1s 2s 2p6 3s2 3p4 Elektron konfigurasiýa Energiýa bilen baglylykda ýerleşişi: 1s2 2s2 2p6 3s2 3p6 4s2 3d10 4p6 5s2 4d10 5p6 6s2 4f14 5d10 6p6 7s2 5f14 6d10 7p6 8s2 Uly periodlaryň atomlarynyň elektron gatlaklarynyň gurluşy umumy meňzeşdir. Ýöne uly periodlaryň elementleriniň atomlarynda 3d kiçi energetik derejesi başlap, energiýanyň artyş tertibi üýtgeýär. Diýmek ilkinji dört energetiki derejelerdäki kiçi energetik derejeleri energiýanyň artýan tertibinde aşakdaky ýaly ýerleşer: 1s→2s→2p→3s→3p→4s→3d→4p→5s→••• Şonuň üçin uly periodlaryň elementleriniň atomlarynda orbitallaryň elektron bilen doldurylyşynyň tertibi kiçi periodlaryňkydan tapawutlanýar. Mysal üçin : 3-nji period argon bilen tamamlanýar, onuň elektron formulasy: 1s2 2s2 2p6 3s2 3p6 4s2 3d0. 4-nji period kaliý bilen başlanýar.Onuň nobatdaky elektrony 3d orbitalda däl-de ,4s orbitalda ýerleşýär.Diýmek kaliniň atom gurluşy: 1s2 2s2 2p6 3s2 3p6 4s13d0. Kalsiniň atomynyň elektron formulasy :1s2 2s2 2p6 3s2 3p6 4s2 3d0 4p0 Üçünji element skandide 4p orbitallar däl-de 3 d orbital doldurylyp başlanýar. 1s2 2s2 2p6 3s2 3p6 4s2 3d1 4p0 we ş.m. 2. Daş kömrüň kokslanmagy we onuň önümleri. Daş kömür uglewodorodlar alynýan esasy çig mallaryň biridir. Onuň üçin daş kömri kokslaýarlar. Daş kömri kokslamak bilen düzümindäki uly molekulalar dargap we dargamak bilen pes molekulaly we uçujy maddalary emele getirýarler Koksohimiki önümçilikde daş kömürde esasy dört topar maddalar alynýar: koks, daş kömür smolasy, ammiagyň suwly ergini we koks gazy.Senagatda kokslama geçirilende peji kömürden doldurýarlar we ýeterlik howa berilmezden 900-1000 ºC temperaturada gyzdyrýarlar. Gyzdyrmaklyk 14 sagat dowam edýär. Düzümindäki organiki maddalar haýallyk bilen dargap, uçujy birleşmeler emele getirýärler. Olar bolsa gaz ýygnaýja düşüp, daş kömür smolasyna öwrülýärler.Ondan bolsa benzolyň gomologlaryny, fenoly we beýleki önümleri alýarlar. Gaz ýygnaýjyda smola bilen bir hatarda suw hem kondensirlenýär. Kondensirlenen suwda ammiak, kükürtwodorod, fenol we beýleki önümler ereýärler. Koks gazyny sowadýarlar we smolany aýyrmak üçin elektro süzgüçlerden geçirýärler. Soňra kondensirlenmedik gazdan ammiak we benzol bölüp alýarlar. Ammiagy bölüp almak üçin ony kükürt kislotasynyň içinden geçirýärler we ammoniý sulfatyny alýarlar. Arassalanan gazy senagatda we hojalykda ýangyç hökmünde ulanýarlar. 3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele. 29-njy soragnama 1. Metallaryň periodik sistemada ýerleşişi, atomlarynyň gurluşy, tebigatda tapylyşy we alnyşynyň umumy usullary.1.Eger-de D.I.Mendeleyewiň periodik sistemasynda wodoroddan astata çenli hyýalymyzda diogonal geçirsek,onda şol çyzygyň aşaky çep tarapynda metal elementler (baş toparçalarda) ýerleşer. Şeýle hem ähli goşmaça toparçalaryň elementleri metallara degişlidirler. Periodik sistemanyň elementleriniň köp bölegi (110-dan 85-si) metallara degişlidir. 2.Himiki elementleriň periodik sistemasynda her bir period (birinjisinden başgasy) himiki taýdan işjeň metal elementi bilen başlanýar. Olara Li, Na, K, Rb, Cs we Fr degişlidir.Bu elementler periodik sistemanyň I toparynyň baş toparçasyny 30 +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net emele getirýärler. Olar suwda oňat ereýän gidroksidleri,ýagny aşgarlary emele getirýärler. Şonuň üçin I baş toparçanyň elementleri aşgar metallary diýlip atlandyrylýar. Aşgar metallaryň atomlarynyň daşky energetiki derejelerinde ýeke-täk elektron bar. Himiki reaksiýalarda aşgar metallary walent gatlagyndaky ýeke-täk elektronyny ýeňillik bilen berýärler. Şonuň üçin olar güýçli gaýtaryjy häsiýeti ýüze çykarýarlar. Litiden fransiý elementine geçilende aşgar metallaryň gaýtaryjy häsiýeti güýçlenýär. 3.Be, Mg, Ca, Sr, Ba we Ra elementleri periodik sistemanyň II toparynyň baş toparçasyny emele getirýärler. Periodik sistemanyň II baş toparçasynyň metallarynyň daşky energetiki derejesinde 2 elektron bar. Bu metallar himiki reaksiýalarda walent gatlagyndaky 2 elektrony ýeňillik bilen berýärler. Şonuň üçin olar hem güýçli gaýtaryjy häsiýete eýedirler. 4.Periodik sistemanyň III baş toparçasynyň elementleri (bordan başgasy) hem metallara degişlidir. Periodik sistemanyň IV baş toparçasynyň elementlerinden Ge, Sn, Pb, V baş toparçanyň elementlerinden Sb, Bi, VI baş toparçanyň elementlerinden Po metallardyr. VII we VIII baş toparçalaryň elementleri metal dällere degişlidir. Periodik sistemanyň goşmaça toparçalarynda ýerleşen elementleriň ählisi metallardyr. 5.Metallaryň daşky gatlagyndaky elektronlar ýadrodan ýeterlik derejede uzaklykda ýerleşýärler. Şonuň üçin metallaryň daşky gatlagyndaky ýerleşen elektronlar bilen ýadronyň baglanyşygy gowşak bolýar.Metallaryň köpüsiniň atomlarynyň daşky gatlagynda1–3 elektronlar bar. Netijede, metallaryň atomlary daşky gatlagyndaky elektronlaryny ýeňillik bilen berip,položitel zarýadlanan ionlara öwrülýärler. Munuň özi metallaryň mahsus häsiýete, ýagny gaýtaryjylyk ukybyna eýe bolmagyna getirýär. Metallary almaklygyñ umumy usullary: 1. Pirometallurgiýa hadysalary: metallary dürli gaýtaryjylar bilen ýokary temperaturalarda gaýtarmak, mysal üçin: 2Al + 3Mn → 3Mn + Al₂O₃ CuO + CO → 2Cu + CO₂ FeO + H₂ → Fe + H₂O FeO + C → Fe + CO 3. Elektrometallurgiýa hadysasy (elektroliz): erginlere we gyzdyrylyp eredilen erginlere hemişelik elektrik togynyň täsiriniň kömegi arkaly metallary almaklyk. Hemişelik elektrik togunyň täsiri bilen erginlerde we metallaryň gyzdyrylyp,eredilen erginlerinde bolup geçýän okislenme-gaytarylma reaksiýalaryna elektroliz diýilýär. M.ü. duzlaryň we aşgarlaryň erginleriniň elektrolizi arkaly aşgar hem-de aşgar-ýer metallaryny alýarlar: 2. Gidrometallyrgiýa hadysalary: metallary gaýtaryjylaryň - köplenç has isjen metallaryň kömegi bilen erginlerden almak. 2NaCl →2Na + Cl₂↑ Katod: Na+ e¯= Na Anod: 2Cl - 2e¯= Cl 2Al+3CuCl₂→3Cu+2AlCl₃ 2. Saharoza, molekulasynyň gurluşy, tebigatda tapylyşy. Fiziki we himiki häsiýetleri. “Maryşeker”kärhanasy. 1.Oligosaharidlerden köp ulanylýany saharoza, maltoza, laktozadyr. Saharoza C12H22O11 düzümi bolan uglewoddyr. Saharoza –adaty şeker, süýji tagamly, suwda gowy ereýän ak kristal maddadyr.Ereme temperaturasy 185ºC. Saharozany ilkinji gezek şekerçiňrikden alypdyrlar. Şekerçiňrikde 14-26% saharoza saklanýar. Şeker gadymy hindistanda biziň eramyzdan 300 ýyl ozal Hindistanda belli bolupdyr. Ýewropada 1500-nji ýyllarda peýda bolupdyr.Gant şugundyrynda 17-19% saharoza bardyr. 2.Saharozanyň himiki häsiýetleri öwrenilende , onuň köp atomly spirtlere mahsus bolan reaksiýalara girýändigi belli boldy.Ol mis(II) gidroksidi bilen açyk gök reňkli ergini emele getirýär.Ol kümüş aýna reaksiýasyna girmeýär. Diýmek saharozada gidroksil toparlar bar, ýöne aldegid topar ýok. Saharozanyň ergini duz we kükürt kislotalarynyň gatnaşmagynda gidroliz edilende iki madda emele geldi.Olaryň häsiýetleri barlananda , ol maddalaryň glýukoza we frutozadygy belli boldy. 3.Saharozanyň öndürilişi.Türkmenistanda saharoza gant şugundyryndan alynýar.Ony öndürmek üçin zawodda aşakdaky işler amala aşyrylýar: 1.Arassalanan gant şugundury ownuk bölejiklere bölünip, ýörite diffuzorlarda ýerleşdirilýär. Soňra üstünden gyzgyn suw guýulýar. Saharoza we beýleki maddalar ergine geçýärler. 2. Diffuzorda emele gelen ergini hek süýdi bilen işleýärler. Kalsiý gidroksidi ergindäki kislotalar bilen reaksiýa girip, çökündi emele getirýärler.Saharoza bolsa kalsiý gidroksidi bilen ereýän saharatlary emele getirýär. 3. Emele gelen kalsiý saharatyny dargatmak we artyk galan kalsiý gidroksidini aýyrmak üçin erginiň içinden kömürturşy gazy goýberilýär.Kalsiý karbonaty aşak çökýär. 4. Ergini süzgüçden geçirip, wakuum gurallarynda suwuny bugardýarlar. Sentrifuganyň kömegi bilen şekeri bölüp alýarlar. Galan böleginden – melassadan limon kislotasy we başga önümler alynýar. Sharozanyň himiki häsiýetleri.Saharozanyň ähmiýetli himiki häsiýeti onuň gidrolizidir.Gidroliz reaksiýany turşy gurşawda ýa-da fermentleriň gatnaşmagynda amala aşyrýarlar.Netijede glýukoza we fruktoza emele gelýär: C12H22O11→ C6H12O6 + C6H12O6 Saharozanyň ulanylyşy:Saharoza gymmatly iýmit önümidir. Ol konditer önümlerinde giňden ulanylýar.Saharozanyň gidrolizinden emeli bal alynýar. 31 +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net 3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele. 30-njy soragnama 2. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanyň himiýa senagatynyň ösüşi. Himiýanyň durmuşda, senagatda we oba hojalygynda orny we ähmiýeti. Biziň döwletimizde himiýa önümleriniň dürli görnüşleriniň öndürilmegi üçin ýeterlik bolan çig mala baý känleri bardyr. Çig maly gaýtadan işlemek üçin zawodlar, adatça, şol känleriň we suw çeşmeleriniň golaýynda, ilatyň gür ýaşaýan ýerlerinden uzakda gurlandyr. Islendik kärhananyň işledilmegi üçin zerur bolan stansiýalary we ýylylyk elektrik stansiýalary, gaz elektrik stansiýalary Türkmenistanyň ähli kärhanalaryny, ilaty üpjün etmäge, şonuň ýaly-da golaýda ýerleşen birnäçe daşary ýurtlara eksport etmäge-de ýeterli bolan elektrik energiýasyny öndürýärler, şonuň ýaly-da, energiýanyň çeşmeleri bolan gaz, suwuk ýangyçlar bizde diňe bir özümize däl, eýsem daşary ýurtlaryň birnäçesine eksport etmek üçin hem ýeterlik mukdarda işlenilip taýýarlanylýar. Häzirki wagtda özümizde bar bolan we getirme çig mallary işläp, taýýar himiki önümleri öndürýän zawodlaryň birnäçesi gurlandyr. Himiýa senagat önümleriniň ösdürilişi aşakdaky jedwelde getirilendir. Türkmenistanda himiýa önümleriniň öndürilişi Türkmenistanda iň uly nebit çykarylýan ýerler Balkanabat, Gumdag, Goturdepe, Barsagelmez, Guýujyk. Burun, Ekerem ÖNÜMLER ÝYLLAR 1980 1990 2000 2005 2010 2020 Nebitiň çykarylyşy-mln.t. Gazyň çykarylyşy-mlrd.kub.m. Mineral dökünler-müň t. Azot dökünleri -müň t. Fosfor dökünleri-müň t. Kaliý dökünleri –müň t. Sement – müň t. Natriý sulfaty- müň t. Tehniki ýod –müň t. we beýlekilerdir. 7,994 70,5 5,8 88,0 10 38 28 85 48 120 9,0 63,0 39,0 137,0 359.9 1014,6 170 65 20 1000 64 250 650 265 61 2000 90 510 800 350 66 2750 210 770 100 240 2. Ion çalyşma reaksiýalary. Elektrolitleriň erginlerde bolup geçýän reaksiýalarynda ionlaryň zarýadlary üýtgemän hem, üýtgäp hem biler. Eger reaksiýa netijesinde ionlaryň zarýady üýtgemese , geçýän reaksiýa ion çalyşma reaksiýasy diýilýär. Ion çalyşma reaksiýalaryň aşakdaky hallarda ahyryna çenli geçýändigi aýdyňlaşdyryldy: • Eger çökündi emele gelýän bolsa; • Eger gaz bölünip çykýan bolsa; Eger az dissosirlenýän madda (suw) emele gelýän bolsa. Eger erginde özara baglanyşyp biljek ionlar bolmasa, onda çalyşma reaksiýasy ahyryna çenli geçmeýär, ýagny ol öwrülişikli reaksiýadyr. Az dissosirlenýän maddanyň emele gelmegi bilen geçýän ion çalyşma täsirleşmeleri. Çökündiniň emele gelmegi bilen geçýän ion çalyşma reaksiýalary Na2SO4 + BaCl2=BaSO4↓ +2NaCl molekulýar deňleme 2Na+ +SO2-4 + Ba2+ +2Cl-= BaSO4↓ +2Na+ +2Cl- doly ion deňleme SO2-4 + Ba2+ =BaSO4↓ gysga ion deňleme Gazşekilli maddalaryň emele gelmegi bilen geçýän ion çalyşma täsirleşmeleri Na2CO3 + 2HCl =H2CO3 +2NaCl molekulýar deňleme 2H+ +CO2-3 + 2H+ +2Cl-=H2O +CO2↑ +2Na+ +2Cl- doly ion deňleme 2H+ +CO2-3 =H2O +CO2↑ gysga ion deňleme 3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele. 32 +99362 56 12 82 Jogaplar üçin Ýokarky IMO işlemedik ýagdaýynda aşakdaky IMO işläp başlar +99361 63 30 35 www.Kitaphana.net